Birleşen Milletler Guramasynyň Biodürlülik baradaky Konwensiýasyna (COP15) gatnaşyjylaryň 15-nji maslahatynyň ikinji tapgyry şu ýylyň 5-17-nji dekabrynda Kanadanyň Monreal şäherinde geçiriler. Bu barada Hytaýyň Ekologiýa we daşky gurşaw ministrligi mälim etdi.

Sessiýa ilkibaşda şu ýylyň aprel aýynda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatynyň merkezi Kunminde geçirilmegi meýilleşdirilip, COVID-19 pandemiýasy sebäpli yza süýşürilipdi.

Ministrligiň habaryna görä, Hytaý bu maslahatyň möhüm syýasy meselelerine ýolbaşçylyk etmek üçin COP15-iň başlygy wezipesini dowam etdirer.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Kunminde geçirilen COP15-iň birinji tapgyry bir wagtyň özünde ýüzbe-ýüz hem-de onlaýn ýagdaýda geçirildi. Onuň gazanan üstünlikleri, biodürlüligiň global prosesine we taraplaryň 2020-nji ýyldan soňky global biodürlüligiň çarçuwaly maksatnamasy baradaky ylalaşygyna güýçli syýasy itergi beripdi. Hytaý biodürlüligi gorap saklamaga aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurda gepleşikleri çaltlaşdyrmak hem-de Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň hatyrasyna umumy geljegi gurmaga has köp goşant goşmak maksady bilen COP15-iň ikinji tapgyrynda ähli gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.