24-nji maýda Ekwadorda ikinji möhlete saýlanan Prezident Daniel Noboa kasam kabul edip wezipesine girişdi. Onuň bilen birlikde täze wise-prezident Mariýa Hose Pinto hem kasam kabul etdi. Bu dabara Perunyň Prezidenti Dina Boluarte we onuň kolumbiýaly kärdeşi Gustawo Petro gatnaşdy.
13-nji aprelde Ekwadorda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Saýlawlardan soň, ýurduň Milli saýlaw geňeşi häzirki döwlet Baştutany Daniel Noboany ýeňiji diýip yglan etdi. Sesleriň 99,47 göterimi sanalandan soň saýlawçylaryň 55,60 göterimi Noboa, 44,40 göterimi bolsa, bäsdeşi Luisa Gonsalese ses berdi.
Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry deňme-deň ýagdaýda tamamlanypdy. Şonda ýurduň häzirki Prezidenti Daniel Noboa hem-de onuň esasy bäsdeşi Luisa Gonsales sesleriň deň göterimine eýe bolupdylar. Milli saýlaw geňeşi muny “tehniki deňlik” diýip atlandyrdy. Ýeňiş gazanmak üçin Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäriň sesleriň absalýut köplügini ýa-da azyndan 40 göterimini almaly. Ýöne onuň iň ýakyn bäsdeşinden, azyndan, 10 göterim öňdeligi eýelemegi esasy şertleriň biri bolup durýar.
Ekwadoryň iň baý işewürlerinden biriniň ogly Noboa 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen möhletinden öňki Prezident saýlawlarynda ilkinji gezek saýlanypdy. Häzirki wagtda Noboanyň çözmeli meseleleriniň arasynda iň möhümi howpsuzlyk, ykdysady dikeldiş we sosial ulgamdaky meseleler bolup durýar.