Nebitden alynýan plastik materiallar, esasan hem, deňiz suwuna garyşanda, uzak ýyllap dargamaýar. Bu ýagdaý deňiz jandarlaryna zyýan ýetirýär. Ýapon alymlary aňsatlyk bilen dargaýan plastik oýlap tapdylar. Suwda ereýän we mikroplastige öwrülmeýän bu material topraga garyşanda, döküne öwrülýär. Daşky gurşaw bilen bagly çözgütleri hödürleýän
«RIKEN Emergent Matter Science Center» ylmy merkeziniň hem-de Tokio uniwersitetiniň bilermenleriniň işläp taýýarlan plastik maddasy adaty plastmassalar ýaly berk bolup, darganynda hiç hili zyýanly madda öwrülmeýär. Bu açyş barada «Science» žurnalynda makala çap edildi.
Ogulbagt Şyhyýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









