Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Türkmenistan dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.
Alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk ykdysadyýetiň pudaklarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň ösmegine, milli medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berýär. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýy-da yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan beýik üstünliklerine, halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge daşary ýurt raýatlary hem uly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny bütin dünýäde goldamakda we wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Helen Rudy,
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowy,
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ali Mardan Ruzbehanini,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Ýosef Haýnsäni,
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azatbekowiç Alimowy,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Kirillowiç Wolynkini,
Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodany,
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky,
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini,
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Kim Jun Çoly,
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratnany,
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Tadeusz Andrisýagy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
PDF









