Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlaryny, ýurdumyzda ynsanperwer, haýyr-sahawat we meýletinçilik hereketini ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamaly: 

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýany,

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratnany.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji marty.