18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy baradaky mesele boýunça hasabat berdi.
Milli Liderimiziň köpýyllyk maksada gönükdirilen tagallalary netijesinde, diplomatik gullugyň işi hil taýdan täze häsiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna we Kararlaryna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň beýleki döwletlerde birnäçe diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary açyldy. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ilçileri 15 sany halkara guramada Watanymyza wekilçilik edýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda we gönüden-göni goldamagynda diplomatik işgärleri taýýarlamak üçin güýçli we netijeli ulgam döredildi. 2008-nji ýylyň martynda DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi, şonuň binýadynda 4 sany ýöriteleşdirilen merkez açyldy. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde Ýaş diplomatlaryň mekdebi hem hereket edýär.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň başynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň döredilip, her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy bu baýramçylyk bilen gutlady hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, diplomatik işgärleriň güni mynasybetli halkara häsiýetli çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, 16-17-nji fewralda sport çäreleri geçirildi, şu günki gün daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatyň, serginiň we konsertiň geçirilmegi meýilleşdirildi.