15-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa + Russiýa» derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň baştutanlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Häzirki wagtda köpugurlylyk esasynda dowam edýän bu däp bolan gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda aýratyn strategik orny eýeleýär. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de sebit ýurtlaryna bolan durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy şeýle hem ýurdumyzda pandemiýa howpuna garşy durmak boýunça geçirilýän çäreleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine gatnaşyjylara wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenmesiniň dowamynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak hem-de döwletleriň degişli edaralarynyň, ilkinji nobatda saglygy goraýyş ministrlikleriniň we arassaçylyk-epidemiologiki gulluklarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Ministrler Owganystan Yslam Respublikasynda dowam edýän ýagdaýy göz öňünde tutup, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bu ýurtdaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy, umumymilli raýdaşlygyny parahatçylykly gepleşikler arkaly ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegi hem-de Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegini bermek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary umumy howplar we wehimler boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meseleleri barada hem pikir alyşdylar. Bu ugurda umumy kabul edilen kadalaryň we ýörelgeleriň göz öňünde tutulmagy bilen, sebitleýin hem-de halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy nygtaldy.
Ýewraziýa giňişliginde deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda söwda-ykdysady hem-de maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýollary hem-de görnüşleri barada pikir alşyldy.
Pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, oňyn nyrh şertleriniň üpjün edilmegine we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna itergi berjek Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň ulag-logistika ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy seljerdiler we bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen «Ýewraziýanyň kalby» başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.
Mejlisiň ahyrynda, ministrler şu derejede özara hereketleri dowam etmäge ygrarlydyklaryny nygtamak bilen, hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlary boýunça Beýannamany kabul etdiler.
* * *
Şol gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Abraýly maliýe düzümleriniň ýurdumyza iri maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanmalary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyna hem-de Türkmenistana ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş we ägirt uly kuwwaty bolan ýurt hökmünde uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygynda birnäçe ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Hususan-da, ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.
Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Beýerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistany maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diýarymyzyň energetika, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ähli düzümlere döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalygy bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýakyn geljek üçin kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny hem-de görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hususy telekeçilige möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna «Doing Business» (işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
COVID-19-yň ählumumy ykdysadyýete täsiri hem-de durnukly ösüşe goldaw bermek maksady bilen Bütindünýä walýuta gaznasynyň jogap çäreleri Wekilçilikli toparyň öňdebaryjy ýurtlarynyň merkezi banklarynyň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bilen Halkara walýuta we maliýe komitetiniň geçiren onlaýn mejlisiniň özenini düzdi.
Şeýle hem Bütindünýä bankynyň Wekilçilikli toparynyň hem-de Bütindünýä pul gaznasynyň ýurtlaryň 9-synyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
* * *
14-nji oktýabrda ýurdumyzyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasarynyň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketlere seredip, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça özara gatnaşyklaryň dowam edilmegi babatynda pikirlerini beýan etdiler. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi babatda pikirleri alyşmak maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy.
Diplomatlar nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, söwda, maýa goýumlary, nebitgaz pudagy, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler.