14-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde hytaý dilini ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we bilim ulgamynda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge bagyşlanan «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly iri halkara çäre geçirildi. Bu foruma dünýä ýurtlaryň we sebitleriň 160-dan gowragyndan 2000 töweregi wekil, şol sanda 51 döwletden gelen hytaý dili boýunça ýaş hünärmenleriň 61-si gatnaşdy.

Çärede türkmen tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymy wekilçilik etdi.

Maslahatyň çäklerinde meseleleriň giň toplumyna bagyşlanan umumy mejlisler, bölümçeleriň mejlisleri we açyk maslahatlaşmalar geçirildi.

Ýöriteleşdirilen sergide bilim ulgamyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalar: elektron okuw toplumlary, VR/AR çözgütler, interaktiw serişdeler, şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan platformalar görkezildi.

Türkmen wekiliýetiniň «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly foruma gatnaşmagy milli bilim ulgamymyzy mundan beýläk hem ösdürmek we Hytaý Halk Respublikasy bilen ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Forum öňdebaryjy hytaý ýokary okuw mekdepleri we ýöriteleşdirilen merkezleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, şeýle-de hytaý dilini okatmagyň döwrebap usulyýetler we häzirki zaman sanly bilim çözgütleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty