Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ýa­ly ul­gam­lar­da beý­le­ki ýurt­lar hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ata Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len bu ugur­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň te­bi­gy we ho­wa aý­ra­tyn­lyk­la­ry na­za­ra al­nyp hem-de to­kaý zo­lak­la­ry­nyň meý­dan­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek, te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär hem-de hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ryn­dan we kon­wen­si­ýa­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy.
Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­retmek, se­ýil­gäh­le­riň çäk­le­ri­ni gi­ňeltmek, bag­la­ra ideg etmek ýaly işler ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ne­ti­je­li çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýän ýur­du­myz te­bi­ga­ty go­ra­mak, şol san­da BMG-niň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär.
Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Mil­li stra­te­gi­ýa, ila­ty aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça Baş mak­sat­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu gün Aral me­se­le­si aý­ra­tyn der­wa­ýys­ly­ga eýe bol­dy. Suw se­riş­de­le­ri­niň bisarpa ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy se­bit­de we onuň çäk­le­rin­den uzak­da ýa­şa­ýan mil­li­on­lar­ça ada­myň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne tä­sir et­di.
Te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny ga­zan­mak hä­zir­ki döw­rüň umu­ma­dam­zat me­se­le­si­dir. Mu­nuň çöz­gü­di­ni tap­mak, te­bi­gat bi­len yn­san dur­mu­şy­nyň saz­la­şyk­ly gur­şa­wy­ny eme­le ge­tir­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry hem içe­ri sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek ba­bat­da ägirt uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýan hormatly Prezidentimize al­kyş­la­ry­myz eg­sil­mez­dir. Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Hem­ra KA­KA­JA­NOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.