Ýurdumyzda daşky gurşawyň abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmek ugrundaky tagallalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Bu bolsa sagdyn ýaşaýşyň, durnukly ösüşiň esasydyr.
Şeý­le bo­lan­soň ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýurdumyzda te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­rap sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da suw se­riş­de­le­rin­den aýaw­ly peý­da­lan­mak has mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.
Suw äh­li za­dyň sa­ka­sy, ýa­şaý­şyň göz­ba­şy hasaplanýar. «Hä­zir­ki dö­wür­de suw me­se­le­si bo­ýun­ça öza­ra hyz­mat­daş­lyk umu­my­dün­ýä iş­le­ri­niň wa­jyp bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ol köp ba­bat­da Ýer ýü­zün­de dur­nuk­ly­ly­gy, ösü­şi we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de müm­kin­çi­lik­le­ri kes­git­le­ýär» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymyz ge­çen ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da BMG-niň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (COP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­da aýt­dy.
Häzirki wagtda hal­ky­my­zy aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek, suw se­riş­de­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne, ýer­le­riň şor­laş­ma­gy­na we çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi we te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry go­rap sak­la­mak, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esasy üns berilýän we­zi­pe­le­r bolup durýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ge­çen ýyl Er-Ri­ýad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry, hu­su­san-da Mer­ke­zi Azi­ýa­da bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Go­laý­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry bi­len ge­çi­ren te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik­le­ri hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýer şa­ry­nyň yk­dy­sa­dy we eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy, sy­ýa­sy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­si­ýe­ti hem ug­ry köp ba­bat­da bi­ziň suw me­se­le­le­rin­den ne­ti­je­li baş alyp çy­ky­şy­my­za bag­ly­dyr di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şol sam­mit­dä­ki çy­ky­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw me­se­le­si­niň äh­li top­lu­my­na ga­ra­lan­da üç ug­ra – hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ne; se­bi­tiň hem­me döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­niň öza­ra ha­sa­ba alyn­ma­gy­na; hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny bu me­se­lä gat­naş­dyr­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­ril­me­li­di­gi­ni nyg­tap­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hyz­mat­daş­ly­gyň eko­lo­gi­ýa ug­ru­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär hem-de döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň bu ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň, şol san­da buz­luk­la­ryň ere­me­gi, dag ösü­şi ýa­ly me­se­le­le­riň giň top­lu­myn­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz se­bit­de te­bi­ga­ty we eko­lo­gik gur­şa­wy go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri gol­da­ýar. Mu­nuň özi suw se­riş­de­le­ri­ni ýurt­la­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne re­je­li hem de­ňag­ram­ly peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Ýur­du­myz­da her ýy­lyň ýaz we güýz pa­syl­la­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip, köp muk­dar­da pür­li, sa­ýa­ly we mi­we­li agaç na­hal­la­ry otur­dyl­ýar. Şeý­le­lik­de, oba­lar­dyr şä­her­çe­le­ri­miz­de, şä­her­le­ri­miz­de ýa­şyl bag­la­ryň, se­ýil­gäh­le­riň ha­ta­ry bar­ha art­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de yn­san eli bi­len dö­re­dil­ýän to­kaý­lyk­lar ýur­du­my­zyň çar kün­jü­ni gur­şap alyp, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy has-da go­wu­lan­ýar. Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýan ýa­şyl bag­la­ryň ha­ta­ry­nyň git­di­gi­çe art­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň kö­pu­gur­ly eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Te­bi­gat­da äh­li jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şaý­şy daş­ky gur­şaw, aras­sa ho­wa, suw we iý­mit bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy sag­dyn ýa­şa­ýyş, bag­ty­ýar dur­muş­ hasaplanýar. Ýurdumyzyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty jem­gy­ýe­tiň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da ru­hy-ah­lak ter­bi­ýä­ni hem-de ýo­ka­ry me­de­ni­ýe­ti, te­bi­ga­ta jo­gap­kär­çi­lik­li ga­ra­ma­gy hem öz içi­ne al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň daş­ky gur­şa­wy go­ra­makda alyp bar­ýan nus­ga­lyk iş­le­rin­de gel­jek­de-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris!

Şem­şat KLI­ÇO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.