BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Keniýanyň paýtagty Naýrobide geçirilen maslahatynda karar kabul edilip, onda geljek birnäçe ýylyň dowamynda daşky gurşawy plastikler we olaryň galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak maksat edinilýär.
– Biz taryhy ädim ätdik. Daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagy Ýer togalagynyň biodürlüligine howp döredýär – diýip, bu resminama kabul edilenden soň, ÝUNEP-iň assambleýasynyň başlygy, Norwegiýanyň klimat we daşky gurşaw meseleleri boýunça ministri Espen Bart Eýde beleldi.
Kabul edilen rezolýusiýa 2024-nji ýyla çenli plastik bilen hapalanmalaryň öňüni almak üçin halkara şertnamany taýýarlamagy maksat edinýän hökümetara gepleşikler komitetini döretmegi göz öňünde tutýar.
Ýer togalagynda, şol sanda dünýä ummanynda-da plastik zyňyndylaryň ägirt uly möçberiniň üýşendigi sebäpli, daşky gurşawyň hapalanmagynyň bu görnüşi, alymlaryň pikirine görä, iň howply hapalanmadyr.