Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçiriler.
Ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Bu barada 30-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.