Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýetişdirilen şaly hasyly ýene-de ýokary netijeler gazanmaga umyt baglamaga esas berýär. Mälim bolşy ýaly, ýokary hasyl almak üçin ösdürip ýetişdirme tehnologiýasyny göz öňünde tutmak bilen, şalynyň görnüşleriniň dogry saýlanmagy möhümdir.
Şonuň üçin bu ekini ýetişdirmekde toplanan tejribä esaslanyp, şu ýyl hasylyň agramly bölegini ýerli howa we toprak şertlerinde gowy ýetişýän «Nöküs-2» we «Bereket» şaly sortlary düzdi. Olar ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar, kesellere, ýatma we dökülmäge garşy çydamly.
Welaýatyň şalyçylary ýetişdirilen hasyly ýygnamak üçin öňümizdäki jogapkärli möwsüme taýýarlanýarlar. Ony üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk çäreleri işlenip düzüldi.
Şu ýyl şaly hasyly welaýatda esasy tüwi öndüriji bolan S.Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 2800, «Ykbal açary» hojalyk jemgyýetinde bolsa 600 gektar ýerde ösdürilip ýetişdirildi. Umuman alanyňda, welaýatyň şalyçylary her gektardan 43 sentnerden gowrak hasyl almagy umyt edýärler.
Döwlet tarapyndan öndürijilere yzygiderli we hemmetaraplaýyn berilýän goldaw netijesinde, bu ekini ösdürip ýetişdirmekde köp ýyllyk tejribä we häzirki zaman önümçilik usullaryny hem ýurdumyzyň alymlarynyň maslahatlaryny üstünlikli ulanmak esasynda sebitde şalyçylar mekdebi döredildi. Bu bolsa daýhanlara ýylda azyndan 35 müň tonna tüwi ýygnamaga mümkinçilik berýär. Hasyl ýygnaýjy enjamlaryň ýeterlik bolmagy hasyl ýitgisiniň öňüni almaga mümkinçilik berýär.