Daşoguz welaýatynyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň «Daşoguzşäheragyzsuw» müdirliginiň Daşoguz agyz suw zawodyny gipohlorit natriý ergini bilen üpjün etmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça

BÄSLEŞIK

yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— hödürlenýän baha teklipleri;

— degişli resminamalar.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabryna, sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Telefon belgisi: (+993 322) 90302, faks belgisi: (+993 322) 90314.