Güýz we gyş aýlarynyň iň meşhur miwelerinden biri bolan ananas süýji şireli tagamy bilen tanalýar. Tropik miwäniň bu görnüşinde adam saglygy üçin möhüm bolan witaminler we mikroelementler, az mukdarda ýag hem-de belok saklanýar. Uglewoda hem-de süýüme baý miwe adam bedenini ýeterlik derejede C witamini, marganes, magniý we folat bilen üpjün edýär. Bilermenler ananasyň peýdasy barada şeýle belleýärler:
Ananas iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýän miwe hasaplanýar. Ananasyň miwesiniň we baldagynyň düzümindäki bromelain atly ferment aşgazan-içege ulgamynyň işi üçin peýdaly bolup, kabul edilen iýmitlerdäki şekeriň siňdirilmegini gijikdirmäge kömek edýär. Bu bolsa gandaky şekeriň kadaly saklanmagyna we iýmitden alynýan energiýa derejesiniň durnukly bolmagyna kömek edýär.
Bilermenler bogunlardaky agyryny we çişleri bejermekde ananasyň peýdasynyň bardygyny belleýärler. Bu miwäniň düzümindäki bromelain bogunlardaky rahatsyzlygy we agyryny azaltmaga ýardam edýär. Geçirilen barlaglarda ananas iýmek arkaly 6 hepdeden soň artritden ejir çekýänlerde agyrynyň aýrylandygy ýüze çykaryldy.
Köp adam bedeninde C witaminiň ýeterlik derejede bolmagy üçin apelsin ýa-da narynç miweleri iýýär. Emma ananas bu miwelere görä C witamine has baý bolup, bedeni ýeterlik derejede antioksidantlar bilen üpjün edýär. Bir käse ananas şiresinde 69 milligram C witamini saklanýar.
Ananasyň düzümindäki witaminlerdir ýokumly maddalar bedeniň sowuklama ýa-da beýleki kesellere garşy durujylygyna kömek edýär. Bu miwe üsgülewügi bejermekde hem peýdaly hasaplanýar. Ananasda witaminler we minerallar bilen bir hatarda suwuň köp mukdarda saklanmagy aşa köp iýmegiň öňüni alýar. Bu bolsa immuniteti sagdyn saklamaga ýardam edýär. Bir käse ananasda bary-ýogy 82 kaloriýa, 1 gramdan az ýag, 2 gram süýüm we 16 gram fruktoza bar.
Ananas bromelain, marganes we C witaminden başga-da, flawonoidlere (tebigy madda) baýdyr. Ananasdaky antioksidant çişmä, wiruslara we strese garşy göreşýän madda bolup, beýleki gök önümlerdäki antioksidantlardan has uzak wagtlap saklanýandygy bilen tapawutlanýar.
Marganes süňke, gandaky şekeri kadalaşdyrmaga we keselleriň öňüni almaga kömek edýän mikroelementdir. Bir käse ananasda 1,5 milligram marganesiň bardygyny göz öňünde tutmak bilen bu miwäni iýmek arkaly marganes ýetmezçiligini dolup bolýar. Marganes kesel töwekgelçiliklerini azaltmaga kömek edýän güýçli antioksidant hasaplanýar.
Ananas tiamin, niasin, B6 we folat ýaly B witaminine degişli birnäçe maddalary özünde jemleýär. Bu ýokumly maddalar kabul edilen iýmitden gaýtadan energiýa işlemäge kömek edýär. Şeýle hem içki beden agzalaryna we dokumalara kislorod iberýän gyzyl öýjükleri emele getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Kosta-Rika, Filippinler, Niderlandlar, ABŞ, Belgiýa we Ekwador bu miwäni eksport ediji esasy ýurtlar bolup, dünýäde her ýyl 30 million tonna ananas öndürilýär. Ananas daşy teňňe şekilli gabygy arassalanandan soň, halka görnüşli dilimlere ýa-da böleklere bölünip iýilýär. Bu miwe dükanlarda gaplanan hem-de dilimlenip doňdurylan görnüşinde hem müşderilere hödürlenýär.
PDF









