17-21-nji ýan­war ara­ly­gyn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Da­wos şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň (WEF) ýyl­lyk mas­la­ha­ty ko­ro­na­wi­ru­syň omik­ron ştam­my­nyň dün­ýä­de ýaý­ra­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ge­çi­ril­mez. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň Že­ne­wa­da­ky baş eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan mä­lim edi­lip, mas­la­ha­tyň tom­suň ba­şyn­da ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di.
Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň we­kil­le­ri hä­zir­ki şert­ler­de ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li mas­la­ha­ty ge­çir­me­giň ga­ty kyn­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şu aý­da ge­çi­ril­jek Da­wos mas­la­ha­tyn­da sag­lyk ta­lap­la­ry berk ber­jaý edil­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan hem bol­sa, omik­ron ştam­my­nyň ýo­ka­ry ýo­kanç­ly­gy mas­la­ha­ty yza süý­şür­mä­ge mej­bur et­di.
WEF «Dün­ýä­dä­ki ýag­daý» mow­zu­gyn­da bir­nä­çe on­laýn ses­si­ýa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ha­sa­bat­da «bu gep­le­şik­ler dün­ýä­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­güt­le­ri­ni tap­ma­ga ýar­dam be­rer» di­ýil­ýär.
WEF Şweý­sa­ri­ýa­nyň hö­kü­me­te de­giş­li bol­ma­dyk gu­ra­ma­sy­dyr. Mas­la­hat­da öň­de­ba­ry­jy işe­wür­ler, sy­ýa­sy ýol­baş­çy­lar we dür­li iş ugur­la­ry bo­ýun­ça hü­när­men­ler du­şuş­ýar­lar. Müň tö­we­re­gi iri kom­pa­ni­ýa­ we gu­ra­ma­ WEF-iň ag­za­la­ry­dyr.