Hytaý özüniň emeli aň ulgamyndaky öňdebaryjy startapy bolan «DeepSeek» kompaniýasyna «Nvidia H200» çiplerini satyn almaga rugsat berdi, emma şertnamanyň gutarnykly şertleri häzirki wagtda gepleşikler tapgyrynda durýar. Bu barada ýagdaýdan habarly iki sany çeşmä salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.
Agentlik mundan ozal hem öz çeşmelerine salgylanyp, Hytaýyň «ByteDance», «Alibaba» we «Tencent» ýaly kompaniýalarynyň jemi 400 000-den gowrak «H200» çipini satyn almaga rugsat alandyklaryny habar beripdi.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, Hytaýyň Senagat we söwda ministrligi ady agzalan dört kompaniýanyň hemmesine rugsat berdi, emma şertleriň entek anyklanyljakdygyny we gutarnykly belleniljekdigini bildirdi. Şeýle-de, Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi, Söwda ministrligi we Milli ösüş hem-de reformalar komissiýasy bu baradaky soraglara jogap bermekden saklandylar.
Hytaýly kompaniýalaryň uly islegine we ABŞ-nyň eksport rugsadyna garamazdan, Pekin bu önümleriň ýurda getirilmegini tassyklamakda howlukmaýar. Şu aýyň başynda ABŞ «Nvidia» kompaniýasynyň «H200» wideo kartasyny uly isleg bildirilýän Hytaý bazaryna satmagyna resmi taýdan rugsat beripdi. Emma satuwa rugsat bermek baradaky gutarnykly karar Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan kabul ediler.
PDF








