16-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, täze desgalaryň gurluşygynda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
 PDF



		

                         
                         



