Fran­si­ýa­da ula­nyş­dan ga­lan de­mir ýol­la­ry peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len ýö­ri­te ulag iş­le­nip dü­zül­di. SICEF at­ly fir­ma ýer­de hem-de rels­le­riň üs­tün­de he­re­ket edip bil­ýän ki­çi mik­ro­aw­to­bus­la­ry ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. «Fer­ro­mo­bil» at­ly ulag, esa­san, aw­tou­lag­lar­dan köp peý­da­la­nyl­ýan oba ýer­le­rin­de ulan­mak üçin ni­ýet­le­nen­dir. Ýur­duň çä­gin­de ula­nyl­ma­ýan de­mir ýol­la­ryň umu­my uzyn­ly­gy 5 müň 700 ki­lo­met­re ýet­ýär. In­že­ner­ler ula­gyň aň­sat­lyk bi­len rel­se mün­me­gi hem-de düş­me­gi üçin goş­ma­ça en­jam iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Mu­nuň üçin «Peu­ge­ot e-Travel­ler» mik­ro­aw­to­bu­sy saý­la­nyp al­nyp­dyr. Şeý­le­lik­de, bu ulag­lar hem ýol­da, hem-de de­mir ýol­da sür­lüp bil­ner.
Tä­sin ulag, il­kin­ji no­bat­da, Owern se­bi­tin­dä­ki Kurp­ýer-Wer­to­la­ýe ara­ly­gyn­da sy­nag­dan ge­çi­ri­ler. Oňyn ne­ti­je be­ren ýag­da­ýyn­da, Ok­si­ta­ni­ýa, Brit­ta­ni we Tä­ze Ak­wi­ta­ni­ýa ýa­ly beý­le­ki ýer­ler­de hem ulan­ma­ga ber­ler.
8 orun­lyk fer­ro­mo­bil­le­ri kä­ren­de­si­ne alyp bo­lar. Şeý­le hem bu ulag­lar bi­len de­mir ýol­da ýo­lag­çy gat­na­wy ýo­la goý­lar. Rel­siň üs­tün­de wag­ty ulag sü­rü­jisiz öz­baş­dak he­re­ket eder.
Ada­ty «Peu­ge­ot e-Travel­ler» ulag­la­ry do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Uly maş­ga­la­lar üçin ni­ýet­le­nen bu ulag bir ge­zek­lik zar­ýa­dy bi­len 330-350 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär.

Seýdi Taýlyýew,
Görogly etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman epidemiology.