Her ýy­lyň gyş aý­la­ryn­da de­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn ýer­ler­de peý­da bol­ýan de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­nyň bu ýyl ozal­ky­lar­dan has aý­dyň gö­rün­jek­di­gi mä­lim edil­di. Te­bi­ga­tyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi ha­sap­lan­ýan bu ha­dy­sa to­ma­şa et­mek is­le­ýän­ler Skan­di­na­w ýurt­la­ry­na git­mek üçin myh­man­ha­na­lar­da ýer bel­le­dip baş­la­dy­lar. ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy gel­jek ýy­lyň mart aýy­na çen­li Gü­nüň iş­jeň­li­gi­niň soň­ky 11 ýy­lyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýet­jek­di­gi­ni, şeý­le­lik­de de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­nyň öňü­miz­dä­ki gyş­da has aý­dyň gö­rün­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
NA­SA-nyň kos­mos ho­wa mag­lu­ma­ty mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Jeý­mi Fe­wors bu ýag­da­ýyň bi­ze iň ýa­kyn ýyl­dyz bo­lan Gü­ni has go­wy öw­ren­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni aýd­ýar. «eS­kyG­ro­up» on­laýn sy­ýa­hat­çy­lyk agent­li­gi şu ýyl de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­nyň iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ryn­da orun alan­dy­gy­ny bel­le­ýär.

Baýramtäç EREDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.