15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.

2618 sa­ny saý­law uças­togy dö­re­dil­di
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy 11-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edi­len çöz­güt­den ugur al­nyp, bu mö­hüm sy­ýa­sy çä­rä taý­ýar­lyk gör­mek hem-de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len giň ge­rim­li iş­ler ba­ra­da aý­dyp, saý­law uças­tok­la­ry­nyň je­mi 2618-si­niň, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň hem-de kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň ýa­nyn­da ola­ryň 41-si­niň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan, Ag­rar par­ti­ýa­dan hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­syn­dan, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryn­dan, ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ryn­dan, iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň we­kil­le­rin­den 2726 syn­çy bel­li­ge alyn­dy.

9 adam da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di
Saý­law­lar bo­ýun­ça da­laş­gär hö­dür­le­mek iş­le­ri­ne sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň üçü­si we mer­ke­zi saý­law to­pa­ryn­da bel­li­ge al­nan ra­ýat­lar to­par­la­ry­nyň al­ty­sy gat­naş­dy. Ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ry­nyň her bi­ri öz da­laş­gä­ri­ni gol­da­ýan saý­law­çy­la­ryň 10 müň­den kö­pü­si­niň gol­la­ry­ny ýyg­na­dy­lar.
Saý­law ko­dek­si­niň 44-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry bo­ýun­ça sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar ta­ra­pyn­dan da­laş­gär­le­riň 3-si, 46-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da bol­sa ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ry ta­ra­pyn­dan da­laş­gär­le­riň 6-sy bel­li­ge alyn­dy. Şun­luk­da, iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen­ler je­mi 9 adam bol­dy.
Ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, äh­li da­laş­gär­le­re wa­gyz iş­le­ri­ni ge­çir­mek hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­de we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry gu­ra­mak üçin deň şert­ler dö­re­dil­di, te­le­ýaý­lym­lar­da çy­kyş et­mek üçin deň müm­kin­çi­lik­ler üp­jün edil­di.

Hal­ka­ra syn­çy­lar ses ber­me­giň ge­çi­şi bi­len ta­nyş­dy­lar
12-nji mar­tda ir sa­gat 7-den ag­şam 19-a çen­li ara­lyk­da saý­law uças­tok­la­ry­nyň hem­me­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry ýur­du­my­zyň Saý­law ko­dek­si­ne la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di diý­lip ha­sap edil­di.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar­dan, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­den, ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ryn­dan we iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň we­kil­le­rin­den bo­lan mil­li syn­çy­la­ryň işi ba­ra­da-da ha­bar ber­di.
Ha­sa­ba­tyň bar­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, saý­law­la­ryň de­mok­ra­tik esas­da ge­çi­ri­li­şi bi­len ta­nyş­mak üçin Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­dan, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­syn­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan hal­ka­ra syn­çy­lar Türk­me­nis­ta­na ge­lip, saý­law­la­ryň taý­ýar­lyk iş­le­ri, ses ber­me­giň ge­çi­şi bi­len ta­nyş­dy­lar.
Je­mi 75 syn­çy­dan yba­rat bo­lan hal­ka­ra we ga­raş­syz syn­çy­lar to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry Türk­me­nis­tan­da bo­lan ma­ha­lyn­da, olar üçin saý­law ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän iş­ler bi­len jik­me-jik ta­nyş­ma­ga, saý­law to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry, da­laş­gär­ler, ola­ry hö­dür­län sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ry, da­laş­gär­le­riň yna­ny­lan adam­la­ry we saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mä­ge äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.

Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti diý­lip yk­rar edil­di
Soň­ra äh­li­halk saý­law­la­ryn­da ses ber­me­giň ne­ti­je­le­ri be­ýan edil­di.
Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça 3460080 saý­law­çy­dan 3362052-si ses be­rip, 97,17 gö­te­rim gat­na­şyk bol­dy.
Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Per­hat Be­gen­jow 2,02, Aga­jan Bek­my­ra­dow 7,22, Ser­dar Berdimuhamedow 72,97, Ber­di­mäm­met Gur­ba­now 2,22, Ba­ba­my­rat Me­re­dow 1,08, Hy­dyr Nun­na­ýew 11,09, Mak­sat Öde­şow 1,15, Mak­sat­my­rat Öwez­gel­di­ýew 1,16, Ka­ka­gel­di Sa­ry­ýew bol­sa 1,09 gö­te­rim ses al­dy­lar.
Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň şu ýy­lyň 14-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­len jem­leý­ji mej­li­sin­de ka­bul eden ka­ra­ry esa­syn­da we Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­niň 76-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, saý­law­lar­da ses ber­mä­ge gat­na­şan saý­law­çy­la­ryň ses­le­ri­niň iň kö­pü­si­ni – 72,97 gö­te­ri­mi­ni alan da­laş­gär – Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti diý­lip yk­rar edil­di.
G.My­ra­dow Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň äh­li ag­za­la­ry­nyň adyn­dan ge­çi­ri­len äh­li­halk saý­law­la­ry­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da de­mok­ra­ti­ýa­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny, hal­ky­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň da­şy­na berk je­bis­le­şen­di­gi­ni aý­dyň gör­ke­zen­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy­na saý­law­la­ry ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­na­şan adam­la­ryň äh­li­si­ne Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň adyn­dan min­net­dar­lyk bil­dir­me­gi tab­şyr­dy. Şeý­le-de, bu saý­law­la­ryň tu­tuş do­wa­my­ny düýp­li öw­ren­mek, eger ony ge­çir­mek­de kem­çi­lik­le­re ýa-da hal­ka­ra tej­ri­be­den yza gal­ma­la­ra ýol ber­len bol­sa, ola­ry ka­nun­çy­lyk taý­dan res­mi­leş­di­rer ýa­ly, ýa­kyn wagt­da öz tek­lip­le­ri­ni ber­mek tab­şy­ryl­dy.

Saý­law­lar giň bäs­deş­lik, açyk­lyk we aý­dyň­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ril­di
Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da Wa­ta­ny­myz­da düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re mil­li Liderimiziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­ge­si­ni dur­mu­şa ge­çir­ýän, adyl, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň bin­ýa­dy­nyň berk­di­gi­ni, hal­ky­my­zyň wa­tan­çy­lyk dü­şün­je­si­ni, her bir ra­ýa­tyň öz ýur­du­nyň gel­je­gi üçin jo­gap­kär­çi­lik duý­gu­sy­ny, iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ni dün­ýä ýü­zü­ne aý­dyň gör­kez­mek­de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­tik ýol bi­len ynam­ly öňe git­me­gin­de aý­gyt­ly ädim bol­dy.
Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de hä­zir­ki wagt­da mil­li ruh­ly, tä­ze­çe pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan döw­re­bap nes­liň, şol san­da ýaş ýol­baş­çy­la­ryň ke­ma­la ge­len­di­gi­ni, ola­ryň äh­li ugur­da ýü­ki öz üs­tü­ne al­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, döw­let do­lan­dy­ry­şyn­da şo­la­ra ýol ber­mek ba­bat­da iň­ňän mö­hüm baş­lan­gy­jy or­ta at­ma­gy­nyň sy­ýa­sy eder­men­lik bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik baş­lan­gyç­la­ryň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, saý­law ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni, tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da al­nyp ba­ryl­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we ýur­du­my­zyň saý­law ka­nun­çy­ly­gy­na, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň de­mok­ra­tik esas­lar­da, gu­ra­ma­çy­lyk­ly, giň bäs­deş­lik, açyk­lyk we aý­dyň­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Saý­law­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek, ola­ry ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­ler me­ýil­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­dy. Bu jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi üçin döw­let eda­ra­la­ry­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň saz­la­şyk­ly işi ýo­la go­ýul­dy.
Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň adyn­dan Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy şu ýy­lyň 12-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­len äh­li­halk saý­law­la­ryn­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­ma­gy bi­len gut­lap, Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Prezidentine Gahryman Arkadagymyzyň alyp bar­ýan adyl ýo­lu­ny do­wam et­dir­mek­de, ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ýe­tir­mek­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Da­şa­ry ýurt­lar­daky ra­ýat­la­ry­myz hem ses ber­di­ler
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow çy­kyş edip, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­gam­lar­da ok­gun­ly ösüş­le­re gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy esa­syn­da de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­tiň we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­di­len­di­gi nyg­tal­dy. Şu ba­bat­da 12-nji mart­da hut şol dün­ýä we mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni gör­kez­mek bo­lar.
Hö­kü­met Baş­tu­ta­ny­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­ni be­ýan et­mek işi­ne da­şa­ry ýurt ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­den – «TASS», «As­socia­ted Press», «Frans Press», «NCA», «Reu­ters» agent­lik­le­rin­den, «TRT» te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­syn­dan, «TRT World» te­le­ýaý­ly­myn­dan, «Turk­me­nis­tan.ru» in­ter­net ga­ze­tin­den, «Za­man-Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­den, «Atavatan Türk­me­nis­tan» žur­na­lyn­dan we beý­le­ki­ler­den ha­bar­çy­la­ryň gat­na­şan­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le-de, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ryn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da bol­ýan ra­ýat­la­ry­nyň hem öz kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­ny ber­jaý et­mek­le­ri üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, hal­ka­ra syn­çy­lar we da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler öz­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gu­ran bri­fing­le­rin­de we in­terw­ýu­la­ryn­da bu çä­rä ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Hu­su­san-da, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lar türk­men ta­ra­py­nyň er­kin, açyk, de­mok­ra­tik saý­law­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça äh­li hal­ka­ra ka­da­la­ry ber­jaý eden­di­gi­ni we bu ba­bat­da hiç hi­li bel­lik­le­ri­niň ýok­du­gy­ny aýt­dy­lar.
Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň, äh­li türk­men dip­lo­mat­la­ry­nyň, döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry ýurt­ly dost­la­ry­nyň we hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ry­nyň adyn­dan Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy bu saý­law­lar­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi we Türk­me­nis­ta­nyň iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk üp­jün edil­di
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now mö­hüm sy­ýa­sy çä­rä­ni – Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­ny şu ýy­lyň 12-nji mar­tyn­da ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň gör­len­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ys­ny­şyk­ly we ut­ga­şyk­ly işi­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da asu­da­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­ga, äh­li we­la­ýat­lar­da hem-de paý­tag­ty­myz­da ka­nu­ny­ly­gy, ter­tip-düz­gü­ni üp­jün et­mä­ge, äh­li saý­law uças­tok­la­ryn­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Soň­ra wi­se-prem­ýer, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň adyn­dan tä­ze saý­la­nan Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy äh­li­halk saý­law­la­ryn­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, oňa bagt, uzak ömür hem-de ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň şah­sy dü­zü­mi­niň Di­ýa­ry­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ser­het­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni, ka­nu­ny­ly­gyň we hu­kuk ter­ti­bi­niň berk ber­jaý edil­me­gi­ni üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da döw­let Baştutanymyz bu örän mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da we ýo­ka­ry de­re­je­de, aç-açan­lyk, aý­dyň­lyk ýag­da­ýyn­da gu­ra­lan­dy­gy üçin Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň ag­za­la­ry­na, mil­li hem-de hal­ka­ra syn­çy­la­ra, saý­law­la­ry üs­tün­lik­li ge­çir­mä­ge gat­na­şan äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Wa­ta­ny­my­zyň ösüş ýo­ly do­wam et­di­ri­ler
Soň­ra tä­ze saý­la­nan döw­let Baş­tu­ta­ny ýyg­na­nan­la­ra gut­lag­la­ry we hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, gys­ga­ça söz söz­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ra­ýat­la­ry­na ýüz­le­nip, saý­law­la­ra iş­jeň gat­na­şan il­deş­le­ri­mi­ze, özi üçin ses be­rip, ynam bil­di­ren saý­law­çy­la­ra tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak ug­run­da uly iş­le­ri ama­la aşy­ran­dy­gy­ny nyg­tap, ýur­du­my­zyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ryn­da – Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öň­de has uly we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu we­zi­pe­ler Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de ka­bul edi­len «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» jik­me-jik be­ýan edil­di.
Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýy­lyn­da ke­ma­la ge­len ösüş ýo­ly, sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni-dur­muş ba­bat­da ba­şy baş­la­nan öz­gert­me­ler do­wam et­di­ri­ler, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak ug­run­da ta­gal­la edi­ler.
Ýur­du­my­zyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ry we äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ry hal­ky­my­zyň bil­di­ren be­ýik yna­my­ny Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da asu­da­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, öza­ra yna­nyş­ma­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy­na ýar­dam ber­mek, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne bi­tir­jek iş­le­ri bi­len öde­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Hal­ky­my­zyň yna­my mu­kad­des­dir
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Serdar Berdimuhamedowy ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­na we umu­my ka­bul edi­len hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bäs­deş­lik esa­syn­da, aç-açan­lyk hem-de aý­dyň­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çen Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ga­za­nan ýeň­şi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Bu ýe­ňiş bi­ziň hal­ky­my­zyň bil­di­ren yna­my­nyň ne­ti­je­si­dir. Adam­la­ryň yna­my bol­sa mu­kad­des­dir we hök­man ödel­me­li­dir. Mu­nuň üçin, il­ki bi­len, Wa­ta­ny hem-de mäh­ri­ban hal­ky­ňy çäk­siz söý­me­li. He­mi­şe hal­kyň ala­da­sy bi­len ýa­şap, äh­li güý­jü­ňi, ta­gal­la­ňy onuň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­dir­me­li. Eger ge­rek bol­sa, Wa­ta­nyň we hal­kyň üçin ja­ny­ňy hem ber­mä­ge taý­ýar bol­ma­ly di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Prezidentiniň bu yna­my öde­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Arkadag Prezidentimiz berk jan sag­lyk, uzak ömür, her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň, her bir maş­ga­la­nyň, ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­nyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­me­giň, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne köp­ta­rap­ly işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, halk üçin äh­li ama­la aşyr­jak işlerin­de di­ňe üs­tün­lik­le­riň hem­ra bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.

Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra ge­çi­ri­ler
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da yg­lan edi­len ara­kes­me wag­tyn­da, bu ýer­de Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň baş­ly­gy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça be­ren ha­sa­ba­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şu ýy­lyň 19-njy mar­tyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň saýlanan Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan bu sy­ýa­sy çä­rä­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we aç-açan­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ril­me­gi türk­men jem­gy­ýe­tin­de de­mok­ra­tik esas­la­ryň, halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň mil­li ýö­rel­ge­ler bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pä gi­riş­mek da­ba­ra­sy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­mek we ony ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, döw­let to­pa­ry­ny dö­ret­mek hem-de şu da­ba­ra my­na­sy­bet­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň üs­tün­de du­rup geç­di.
Ara­kes­me­den soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si do­wam et­di­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, 19-njy mart­da Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň we­zi­pä gi­riş­mek da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, bu çä­rä taý­ýar­lyk gör­mek we ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin döw­let to­pa­ry­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de onuň dü­zü­mi­ni we ýe­ri­ne ýe­tir­me­li çä­re­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di.