29-njy martda ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek üçin görülýän çäreler gyzgalaňly dowam edýär.
Saýlawlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwaryndaky karary esasynda geçiriler.
Bu günki gün ýurdumyzda halkymyzyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunda raýatlaryň wajyp durmuş-ykdysady hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini, aýratyn-da, saglyk, bilim, ulgamlarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyny, wekilçilikli edaralaryň işiniň işjeňleşdirilmegini, kanunyň hökmürowanlygyny, ýagny kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hemmeler tarapyndan takyk, berk we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ýörelgesiniň ykrar edilmegini raýat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň esasy şertleriniň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn işleriniň netijesinde halka hyzmat etmek we bähbitlerini goramak bilen bir hatarda, döwletimizde jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, halk häkimiýetini amala aşyrýan wekilçilikli edaralaryň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda ägirt uly öňegidişlikler gazanyldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkara hukuk kadalaryna laýyklykda göz öňünde tutulan ähli hukuklardyr azatlyklary kepillendirýär. Onuň esasynda taýýarlanan we kabul edilen kanunlardyr beýleki hukuk namalary ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli amal edilmegine ýardam berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylyga, halkara hukugyň kadalaryna doly laýyk gelýän demokratik saýlawlary guramak we geçirmek boýunça ýurdumyzda oňat tejribe toplandy.
Aslynda, saýlawlar her bir demokratik jemgyýetiň möhüm binýady bolmak bilen, raýatlara öz pikirini açyk beýan etmäge, halkyň wekillerini saýlamaga, döwlet dolandyryş işine gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde jemgyýet ösüş ýoluna düşýär, çünki saýlawlar arkaly halkyň islegleri we garaýyşlary döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Demokratiýanyň özeni hökmünde saýlawlar jemgyýetiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni taýdan ösüşiniň hem aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzda saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Saýlaw kodeksiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu möhüm syýasy çäräniň demokratik ýörelgeler esasynda, ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki günlerde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, welaýatlaryň häkimlikleri, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan milli kanunçylyga we halkara hukugyň kadalaryna doly laýyk gelýän demokratik saýlawlary guramak hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler ýola goýuldy.
Mahlasy, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň öz işinde demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýandygy halkyň arasynda uly goldaw tapyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyzy artdyrýar.
Jennet HALMYRADOWA,
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň müdiri, Mary welaýat saýlaw toparynyň başlygy.
PDF









