Tomus paslynyň gelmegi bilen adamlaryň aglaba bölegi nirädir bir ýere dynç almaga gitmegi meýilleşdirýär. Meýilleşdirilýän ýerlerde deňiz kenarlary öňdäki orny eýeleýär. Deňziň täsin tebigatyny synlamak we deňiz kenarlarynda dynç almak adama egsilmez güýç-kuwwat berýär. Deňziň howasy we çüýşe ýaly dury göm-gök suwy deridäki düwürtiklerden başlap, demgysma, ysgynsyzlyk, dartgynlylyk we gijilewük ýaly dürli keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Bulardan başga-da, deňiz kenarynyň immuniteti güýçlendirmekde, beýnini köşeşdirmekde peýdasy diýseň uludyr.
Syýahatçylaryň köpüsi deňzi gudratly bejergi hökmünde suratlandyrýarlar. Deňizde ýüzmek, deňziň ýodlaşdyrylan howasyndan dem almak we tolkunlaryň sesini diňlemek –
bular elýetmez tebigy bejergiler hasaplanýar. Irki döwürlerden bäri lukmanlar deňizde ýüzmegiň birnäçe kesellere garşy göreşmekde peýdalydygyny öňe sürýärler. Grek akyldary Gippokrat öz ýazgylarynda balykçylaryň köplenç elleriniň kesilýändigini, ýöne deňiz suwunyň täsiri netijesinde çalt bitýändigini belleýär. 1769-njy ýylda iňlis lukmany Riçard Rassel deňziň suwunyň hem içmek üçin ulanylyp bilinjekdigini aýdýar. Fransuz biology Rene Kwinton bolsa deňiz suwunda gan plazmasyna meňzeş elementleriň bardygy baradaky garaýşy öňe sürýär. Ýöne, bu babatda deňziň suwunyň arassa bolmalydygyny hem belleýär. Lukmançylykda talassoterapiýa diýlip atlandyrylýan deňiz bejergisi saglygy dikeltmek bilen bir hatarda, bedeniň alyş-çalşygyny çaltlandyrýar we artykmaç ýagy ýakmaga kömek edýär.
- Deňiz suwunyň deri üçin peýdalydygyny hemmämiz bilýäris. Kosmetika we derman senagatynda deňiz suwy çig mal hökmünde peýdalanylýar. Deňiz suwundan tapylan magniý deriniň ýaş we sagdyn bolmagyna ýardam edýär.
- Deňiz suwy düwürtikleri guratmakda täsirli bolup, deriniň täzelenmegi üçin hem peýdalydyr.
- Deňiz suwundaky magniý, brom, litiý maddalary alada we dartgynlylyk taýdan ejir çekýänleri bejermekde täsirli bejergi hasaplanýar. Bu maddalar beýnidäki melatoniniň we serotoniniň derejesini deňleşdirýär.
- Deňziň duzly suwy saçdaky goňagyň öňüni alýar we saçyň ýalpyldawuk görünmegine öz täsirini ýetirýär.
- Deňiz suwundaky ýod immuniteti güýçlendirýär. Witaminleriň we minerallaryň çeşmesi bolan deňiz suwy bedeni toksinlerden arassalamaga, gijilewük alamatlaryny aýyrmaga we deriniň öýjükleriniň açylmagyna mümkinçilik berýär. Antiseptik häsiýeti bolan deňiz suwy ýokançlyklara garşy göreşmäge, bedeniň kömeleklere, bakteriýalara we mikroblara garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmäge ýardam edýär.
- Ýüzýän wagtyň deňziň elektromagnit energiýa meýdanynda özüňi rahat duýýarsyň. Bu bolsa bedeniň täzelenmegine goşant goşýar. Şeýle hem gan aýlanyşyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Deňziň howasynda gany we dokumalary arassalamaga kömek edýän ionlar hem bar.
- Hünärmenler deňiz kenarynda geçirilen bir günüň iň uly peýdasynyň beden üçin zerur bolan D witamini almakdygyny aýdýarlar. Deňiz kenarynda gezelenç edýän adamlar agşam ukusyny gowy alýarlar.