Dün­ýä­de de­ňiz söw­da flo­tu­nyň gym­ma­ty ge­çen ýyl 1,37 tril­li­on amerikan dol­la­ryna ýe­tip­dir. Gä­mi­si bo­lan il­kin­ji 10 ýurt umu­my gym­ma­tyň üç­den iki bö­le­gi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de de­ňiz gat­na­wy hem art­ýar. Hal­ka­ra söw­da­da­ky gat­na­wyň
80 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy de­ňiz gat­na­wyn­dan peý­da­lan­ýar. Mag­lu­ma­ta gö­rä, 100 GT (je­mi ton­na) we on­dan uly gä­mi­ler ha­sa­ba al­nan­da, Li­be­ri­ýa 5 müň 215 suw ula­gy bi­len öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Af­ri­ka ýur­dy 408,4 mil­li­on ded­weýt (gä­mi­niň ton­na bi­len öl­çe­nen­de, üýt­ge­ýän ýük mas­sa­sy­nyň je­mi) bi­len ýük gat­na­wyn­da hem bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­ýär. Ikin­ji ýer­dä­ki Pa­na­ma­nyň 8 müň 338 gä­mi­si bo­lup, ýyl­da 379,8 mil­li­on DWT ýük da­şa­ýar. Bu gör­ke­zi­ji 4 müň 273 gä­mi­si bo­lan Mar­şal ada­la­ryn­da 308,5 mil­li­on DWT-a ba­ra­bar. Bu 3 ýurt glo­bal gä­mi gat­na­wy­nyň 46,5 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir.
Kon­teý­ner gat­nad­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da bol­sa, MSC bi­rin­ji bo­lup­dyr. Şwed-ital­ýan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 886 gä­mi­si bar. 735 gä­mi­si bo­lan «Maersk» (Da­ni­ýa) ikin­ji, 663 gä­mi­ni do­lan­dyr­ýan CMA CGM (Fran­si­ýa) üçün­ji ýe­ri eýe­le­ýär. Hy­ta­ýyň COSCO (515 gä­mi) we Ger­ma­ni­ýa­nyň «Ha­pag-Lloyd» (300 gä­mi) kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji bäş­li­ge gi­rip­dir.

Aý­gül HA­JY­NA­ZA­RO­WA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň derňewçisi.