Ýewropanyň iň iri port şäheri hasaplanýan Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde deňizçilik sergisi geçirilýär. 4-nji noýabrda öz işine başlan «Europort Rotterdam 2025» sergisi şu gün tamamlanýar. 42-nji gezek geçirilýän gözden geçiriliş bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy sergileriniň biri hasaplanýar. Halkara çärä dünýäniň ýüzden gowrak ýurdundan müňden gowrak kompaniýa gatnaşýar. Şeýle hem sergä deňizçilik pudagynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak hünärmen gatnaşýar. Forumyň çäklerinde maslahatlar, seminarlar we ikiçäk duşuşyklar geçirilýär. Arassa energiýa çeşmelerine geçiş, sanlylaşma, maliýeleşdirme forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalar boldy. Serginiň çäklerinde ýörite maksatly gämiler bilen bir hatarda ösen tehnologiýalar hem görkezilýär.
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
PDF









