6-njy awgustda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününe bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima, şeýle hem Köpmilletli Boliwiýa Döwletiniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, DÇBÖBD-niň toparynyň başlygy Diego Paçeko gatnaşdylar.
Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda kabul eden Kararnamasynda laýyklykda 6-njy awgustyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek belleniljekdigi aýdyldy. Onuň adynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň zerurlyklary we meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmagyň ähmiýeti nygtalýar. Bu bolsa agzalan ýurtlaryň bähbidi üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga güýçli itergi berer.
Bu günüň ilkinji gezek Türkmenistanda taryhy wakanyň – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçýän döwründe bellenilip geçilýändigi bellärliklidir.
Bu gün howa meseleleri, harytlary hem-de hyzmatlary daşamakdaky ýokary harajatlar ýaly bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin tagallalary güýçlendirmekde başlangyç ädim bolar.