Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigaty we ülkäni öwreniş bölüminde ýurdumyzda ösýän agaç, gyrymsy agaç we otjumak ösümlikleriň birnäçesiniň gerbarisi görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri aýratyn witrinalarda sergilenýär. Şeýle hem muzeýde halkyň arasynda has giňden tanalýan ýandak, yşgyn, çopantelpek, üzärlik, atgulak, buýan, türkmen selmeligi we boýbodran ýaly ösümlikleriň fotosuratlary we gerbarileri hem bar. Bulardan başga-da, aýna gaplaryň içinde narpyz, itburun, mekgejöweniň gulpagy, käkilik oty we derman senagatynda öndürilýän beýleki ösümlikleriň guradylan görnüşleri görkezilýär.
Muzeýe gelýän ildeşlerimiz hem-de daşary ýurtly myhmanlar dermanlyk ösümlikler bilen içgin gyzyklanýarlar. Olaryň ulanylyşy we ähmiýeti bilen gyzyklanýarlar.
Dermanlyk ösümlikleri öwrenmek babatda ata-babalarymyzyň asylly däplerine sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda köp maglumatlar jemlenendir. Şol sebäpli bu kitap muzeý hünärmenleri üçin ýan kitaby bolup durýar.
Tebigaty we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda aýratyn witrinada iň bir täsin, endemik, seýrek duş gelýän dermanlyk ösümlikleriň biri – türkmen selmeligi görkezilýär. Myhmanlar bu ösümligiň ýanynda has köp eglenýärler. Sebäbi ony tebigatda gören adamlar örän az. Bu ösümligiň gerbarisi alym Waleriý Iwanowiç Kuznesow tarapyndan ýörite ýasalyp muzeýe sowgat berildi we ony muzeýiň ekspozisiýasynda ösüp duran görnüşinde görkezmegi teklip berýär.
Häzirki wagtda türkmen selmeligi ýabany ýagdaýda diňe Günbatar Köpetdagda duş gelýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň hemme neşirlerine girizilendir.
1938-nji ýylda Günbatar Köpetdagda ösümligiň täze görnüşi – türkmen selmeliginiň tapylmagy ylymda özboluşly açyş boldy. Türkmen selmeligi iri, köpýyllyk, baldaksyz, itüzümliler maşgalasyna degişli endemik ösümlikdir. Ýere ýazylyp ýatan uly ýapraklardan ybarat bolan ösümligiň miwesi sary reňkli bolup, iýilýän iri iýmişi, gawunyň ysyny ýatladýan örän ýakymly ýiti ysy bar. ХХ asyryň 30-njy ýyllarynda ot-çöp bilen bejerýän tebipler tarapyndan derman ösümligi hökmünde “halom” ady bilen giňden ulanylan selmelige şol adyň berilmegi bilen bagly dürli maglumatlar bar. Gadymy döwürlerde “haoma” içgisi kuwwatlandyryjy serişde bolup hyzmat edipdir.
Häzirki wagtda dermanlyk maksatlary üçin selmeligiň köki, ýapragy we miwesi ulanylýar. Ösümligiň himiki düzümi henize çenli ýeterlik derejede öwrenilmändir. Onuň düzüminde alkaloidler (skopolamin, giossiamin, mandrogarin we beýlekiler), krahmal, miwesinde 80 m/g-a çenli C witamini saklanýar. Irki döwürlerden bäri selmeligi tapan adama bişen miwesini iýmegi, çigini öýe getirmegi we bişenden soň iýmegi ýa-da ýagşylyk dileýän adamyňa bermegi ündäpdirler.
Bu ösümlik barada “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň 3-nji jildinde doly maglumat berilýär.
Ýurdumyzyň gözel tebigatyny düýpli öwrenmekde, ýaş nesillerimize wagyz etmekde muzeý işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Güljemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.