Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Dilewar oba Medeniýet öýünde türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik däplerine bagyşlanan «Dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygyna medeniýet, sungat işgärleri we bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler dessançylyk sungatynyň ussat halypalary, olaryň halypa-şägirtlik ýoly, dessanlaryň ýerine ýetiriliş däpleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Duşuşykda halypa bagşy Aşyrbaý Hydyrow tarapyndan «Saýatly-Hemra» dessanyndan, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Sabyr Sabyrow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Wepa Nurmuhammedow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Soltanbagt Rejepowa we Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Mätgeldiýewa tarapyndan «Görogly» şadessanyndan parçalar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Medeniýet öýüniň sahnasyny Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň sergisi bezedi.
Çeşme: medeniyet.gov.tm