17-nji noýabrda göni wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» atly nobatdaky ministrler duşuşygy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda ählumumy wehimlere garşy durmakda, köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň ägirt uly ähmiýeti bellenildi.
Merkezi Aziýada we golaýdaky sebitlerde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerine hem garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, ykdysady, ynsanperwer, tebigy, tehnogen we beýleki sebäpleriň netijesinde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde çözmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdi.
Türkmenistanyň çökgünlikleriň öňüni almak hem-de olaryň ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen döredilen halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we taslamalaryna gatnaşmagyny güýçlendirmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy.
Hususan-da, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyny (CERF) kemala getirmäge gatnaşmak arkaly ynsanperwer we durmuş häsiýetli meseleleri çözmek boýunça türkmen tarapynyň tagallalary bellenildi.
Duşuşygyň daşary ýurtly gatnaşyjylaryna şu ýylyň 8-nji dekabrynda CERF-ne gatnaşyjylary yglan etmek boýunça ýokary derejeli çäräniň barşynda Türkmenistanyň bu ynsanperwer gazna özüniň nobatdaky maliýe goşandy barada resmi taýdan beýan etjekdigi habar berildi. Bu çäre BMG-niň Baş sekretary tarapyndan guralýar.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň BMG-niň ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça müdiriýeti (UN OCHA) bilen hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini belledi. Şonuň çäklerinde 2021-nji ýylda täze resminamalary bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylary howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns bermäge çagyryp, olara ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça 12-nji dekabrda geçiriljek duşuşykda Pariž ylalaşygyny amala aşyrmak boýunça özüniň borçnamalary barada beýan etmegi göz öňünde tutýandygyny habar berdi.
Bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmäge çalyşmagyň bu ulgamdaky milli tagallalar toplumynyň ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýakyn wagtda «Dikeldilýän energiýa serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany kabul etmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.
90 milliondan gowrak nahal oturdyldy
Bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli milli çäre aýratyn bellenildi. Onuň çäklerinde soňky 20 ýylyň dowamynda ýurdumyzda bag nahallarynyň 90 milliondan gowrak düýbi oturdyldy, şu ýyl bolsa oturdyljak nahallaryň sany 25 milliona ýeter.
Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda, COVID-19 pandemiýasyny hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» derejesindäki 16-njy ministrler duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Bu resminamada parahatçylygy döredijiligiň hem-de halkara gatnaşyklarda ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde bitaraplyk syýasatynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan ýokary derejeli forumy guramak baradaky başlangyjy goldanyldy. Bu ýyl Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda yglan edildi.
Ministrler duşuşygyna gatnaşyjylar şeýle hem BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň döredilmegini goldadylar. Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurtlary hem onuň agzasy bolup durýar.