Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, mil­li ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge hem uly üns be­ril­ýär. Bu ul­ga­my dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň mak­sat­na­ma­la­ry giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Hü­när­men­le­ri­ň ba­şar­nyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýaş­la­ry okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek, san­ly bi­lim ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Dün­ýä­niň iň tä­ze tej­ri­be­le­ri bi­len bir­lik­de, ylym-bi­lim ojak­la­ryn­da yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry öw­re­nil­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ýur­du­myz dün­ýä­niň yl­my ösüş­le­ri bi­len aýak­daş bar­ýar. El­bet­de, dün­ýä­niň yl­my ede­bi­ýat­la­ry­ny bil­mek, oka­mak üçin dün­ýä dil­le­rin­den ha­bar­ly bol­mak ge­rek. Bu ugur­da hem ýur­du­myz­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de dil bil­mek uly baý­lyk­dyr. Ýurt­la­ryň ara­syn­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni we yl­my gat­na­şyk­lar gün­sa­ýyn art­ýar. Şeý­le şert­ler­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek di­ňe bir ze­rur­lyk däl, eý­sem, şah­sy ösü­şiň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­ýär.
Dil öw­ren­mek adam­la­ryň ara­gat­na­şyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňeld­ýär. Baş­ga ýurt­la­ryň we­kil­le­ri bi­len gür­leş­mek, ola­ryň pi­kir­le­ri­ne dü­şün­mek we öz pi­ki­ri­ňi be­ýan et­mek jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär. Dil päs­gel­çi­li­gi ara­dan aý­ry­lan­da, dost­luk we hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.
Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne, şol san­da iň­lis di­li­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär, äh­li umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de iň­lis di­li öw­re­dil­ýär, şol san­da beý­le­ki dün­ýä dil­le­ri­ne ýö­ri­te­le­şen mek­dep­ler he­re­ket ed­ýär. Go­laý­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ryn­da meş­hur «Al-Ara­bi­ýa» te­le­ýaý­ly­my­na be­ren in­terw­ýu­syn­da: «Ýur­du­myz­da gur­lan «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de hä­zir­ki za­man bi­lim usul­la­ry we stan­dart­la­ry bo­ýun­ça oka­dyl­jak, iň­lis di­li­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­de­bi aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýä­ris. Şun­da esa­sy ün­si çek­me­li zat bar: okuw pro­se­si ýaş­la­ra ABŞ-nyň ab­raý­ly uni­wer­si­tet­le­rin­de, ýag­ny Gar­ward­da, Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­tyn­da, Ko­lum­bi­ýa uni­wer­si­te­tin­de okuw­la­ry­ny do­wam et­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­mä­ge gö­nük­di­ri­ler» di­ýip bel­läp geç­me­gi ýaş­la­ryň ýur­du­myz­da alan kä­mil dil bi­li­mi bi­len dün­ýä­niň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim­le­ri­ni do­wam et­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik al­jak­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, tä­ze dil öw­ren­mek beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni güýç­len­dir­ýär. Dil öw­ren­ýän adam­ mag­lu­mat­la­ry has çalt ka­bul ed­ýär­, ýat­keş­li­gi we pi­kir­le­niş uky­by ös­ýär. Bu bol­sa di­ňe okuw­da däl, gün­de­lik dur­muş­da hem peý­da­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, bir­nä­çe dil bil­ýän iş­gär­ler zäh­met ba­za­ryn­da has ýo­ka­ry ba­ha eýe bol­ýar­lar. Hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar­da, sy­ýa­hat­çy­lyk, dip­lo­ma­ti­ýa we bi­lim ul­ga­myn­da iş­le­ýän­ler üçin da­şa­ry ýurt di­li­ni bil­mek esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­da ýo­ka­ry bi­lim al­mak is­le­ýän ýaş­lar üçin dil bil­mek uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Dil me­de­ni­ýe­tiň aça­ry­dyr. Her bir hal­kyň di­li onuň ta­ry­hy­ny, däp-des­su­ry­ny we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­mek ar­ka­ly di­ňe söz­le­ri däl, şol hal­kyň dün­ýä­ga­raý­şy­ny hem öw­ren­ýä­ris.

Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.