Başga dili öwrenmek diňe bir täze sözleri özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, şol dildäki halkyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Köpler täze dili şol dildäki eserleri okamak ýa-da şol dilde gepleýän halk bilen düşünişmek üçin öwrenýärler. Emma dil öwrenmek durmuşda, okuwda ýa-da işde hem uly ýeňillikleri döredýär. Hünärmenler täze dil öwrenmegiň 7 usulyny salgy berýärler.
Maksat goýmak. Daşary ýurt dilini öwreneniňde belli bir maksadyň bolmagy örän möhümdir. Maksadyňy kesgitlemek dili nämäniň üsti bilen öwrenmelidigiňi we nämelerden başlamalydygyňy aýdyňlaşdyrýar. Ilki bilen özüňiziň täze dili öwrenmek isleýändigiňizi anyklamalysyňyz. Mysal üçin, fransuzça aýdym aýtmak isleýäňmi? Şondan soňra öňüňde belli bir maksat goýup, täze dil öwrenmäge girişmeli.
Özbaşdak öwrenmek. Başga dili tiz wagtda özleşdirmegiň iň täsirli usuly kinofilmlere ýa-da multfilmlere seredip, şol dildäki gepleşigi öwrenmekdir. Täze dili kitapdan bolşy ýaly öwrenmek, grammatik düzgünlerini ýat tutmak has kyn usul hasaplanýar. Munuň deregine gündelik ýa-da bellik depderini tutup, tejribe arkaly öwrenen zatlaryňy, sözleriňi we sözlemleriňi ýazmak has aňsat hasaplanýar. Mundan başga-da, şol dilde gepleşmek, aýdym diňlemek, kiçijik eserleri okamak hem täze dil öwrenmegi aňsatlaşdyrýar.
Öwrenýän diliňde pikirlenmek. Öwrenýän diliňde pikirlenmäge synanyşmak şol dile bolan garaýşyňy üýtgedýär. Özüňi arkaýyn duýup, köp zady şol dilde pikir edip başlaýarsyň. Bu bolsa, diliň tebigy gurluşyna düşünmäge, şol dilde geplemek ukybyňy ösdürmäge ýardam edýär.
Ýalňyşlyk goýbermekden gorkmazlyk. Islendik bir zat öwrenilende elbetde köp ýalňyşlyk goýberilýär. Ýöne munuň üçin ruhdan düşmeli däl. Ýalňyşlyk kämilleşmäge we güýçlenmäge ýardam edýär. Bu täze dil öwrenilende hem şeýle. Täze dildäki sözleri dogry aýdyp bilmezlikden, dogry okap, gepläp bilmezlikden gorkmaly däl.
Köp okamak. Maksat edinen diliňde kitaby näçe köp okasaň, şonça-da köp öwrenersiň. Okamak söz we sözlemleriň grammatik gurluşyna has içgin düşünmäge ýardam edýär. Şol bir teksti öz ene diliňde we öwrenýän diliňde okamak hem peýdalydyr.
Sesli kitaplary diňlemek we ýazmak. Täze dili çalt öwrenmegiň ýene bir usuly sesli kitaplary diňlemekdir. Sesli kitaplar söz, basym, äheň, labyz taýdan şol dile has aňsat düşünmäge ýardam edýär. Sesli kitapda ünsüňi jemläp, käbir setirleri gaýtalap hem öwrenip bolýar.
Bellik etmek we käbir sözleri ýazmak endigini ýola goýmak hem täze dil öwrenmegiň möhüm bölegidir. Dil öwrenilende şol dilde söwda dükanyndan almaly zatlaryň sanawyny, okuw meýilnamasyny ýazyp bilersiňiz. Şeýle hem dostlaryňyz bilen şol dilde hat alşyp hem bilersiňiz. Ýazmak grammatik taýdan şol dile düşünişiňi we söz baýlygyňy kagyza geçirmäge mümkinçilik berýär.
Gaýtalamak. Söz baýlygyny artdyrmakda gaýtalamagyň örän uly peýdasy bardyr. Her gün täze söz öwrenip, wagtyň geçmegi bilen bu sözleri gaýtalap, ýatkeşligiňizi ösdürip bilersiňiz. Gaýtalamak öwrenen zatlaryňy uzak wagtlap ýatda saklamaga mümkinçilik berýär.