Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň gadymy döwürden gözbaş alýan milli däp-dessurlary, mukaddes ýörelgeleri uly sarpa goýlup, giň gerimde dowam etdirilýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň başynda Ýaşulularyň Halkara güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Bu bolsa ýaşuly nesle aýratyn hormat goýmakdan nyşandyr.
Halkymyzda ýaşuly nesle hormat goýmak, olaryň sarpasyny belent tutmak gadymdan gelýän dessurdyr. Bu dessur ahlak gymmatlygymyzyň iň guwanarlykly berk sütünleriniň biridir. Nesilleriň biri-birine goýýan sarpasynyň, ýagny ýaşkiçi nesliň ýaşuly nesle bolan sylag-hormatynyň özeninde agzybirlik, jebislik jemlenendir.
Türkmen halkynyň kämil ýörelgeleriniň biri-de ulusyny sylamak, ýaşulusyna sala salyp, her bir işde şolaryň maslahatyna, nesihatyna eýermek däbidir.
Goja paýhasy – gymmatly hazyna. Goja paýhasy – her bir öýüň, tutuş ýurduň söýegi. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan toý-baýramlaryň ýaraşygy-da biziň ýaşuly neslimiz. Nesillerimize peder pendini berýän hem, toý etmegiň, öý tutmagyň maslahatçysy hem biziň gojalarymyz. Şeýle bolansoň, olaryň orny hemişe törümizde. Sebäbi kämillige gol beren ýaşulularymyzyň paýhas eleginden syzylyp çykan maslahatlary adamlaryň durmuş akabasynyň has akgynly bolmagyna oňyn täsir edýär. Dana pederlerimiziň: «Geňeşene giň dünýä» ýa-da «Ulusyny sylan beg bolar…» diýip nesihat edişi ýaly, geçirilýän geňeşde aýdylan maslahatlar, edilen nesihatlar hem akyl-paýhas taýdan, durmuş tejribesi jähtden ynsanyň gözýetimini giňeltmek, aňyýetini kämilleşdirmek bilen birlikde, tutuş dünýämize nur çaýýar, abraý-mertebämizi äleme ýaýýar.
Milletimiziň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän ýaşulular bilen geňeşmek däbi ýurt derejesinde hem dowam etdirilýär. Adatça, bütin ýurduň, halkyň ykbaly bilen bagly mesele ýüze çykanda ýa-da täze han saýlananda çagyrylýan maslahatlara iliň öňüne düşen han-begler, ähli obalaryň kethudalary, il içinde sylagly ýaşulular gatnaşypdyrlar.
Özleriniň akyl-parasady, baý durmuş tejribesi bilen öý-ojagyna, oba-kendine görelde bolýan, ýaş nesillere öwüt-ündew edýän ýüzi nurana ýaşulular biziň durmuşymyza ýalkym saçýan şamçyrag mysalydyr. Pähim-paýhasyň ojagy hasaplanýan aksakgallar özleriniň gyzyldan gymmatly pent-nesihatlary bilen halkyň arasynda halallyk, päklik, Watana wepalylyk, agzybirlik ýaly häsiýetleri ündeýärler. Şeýdibem olar nesil terbiýesiniň barha kämilleşmegine mynasyp goşant goşup, häzirki döwürde gurýan raýat jemgyýetimiziň paýhas sütüni bolup durýar.
Türkmen halkynyň ulusyny sylamak, olara sala salmak, olaryň maslahatyna eýermek ýaly asylly ýörelgesiniň, däp-dessurynyň gadymy döwürden bäri nesilme-nesil dowam etdirilip gelýändigine edebi mirasymyza, halk döredijilik eserlerine ser salanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Bu babatda «Gorkut ata», «Görogly» eserleri, halk dessanlary ygtybarly çeşmedir.
Türkmen halkymyz: «Garryly il – gaznaly il» diýen pähimi döretmek bilen, goja paýhasyny öýüniň söýegi hasaplaýar. Nesillere terbiýe berenlerinde bolsa hemişe peder pendine uýmagy nesihat edýär. Türkmeniň bu milli däbiniň ýene-de gadymyýete uzaýandygyny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Ne ajap döwranlar süren,
Ýagşy-ýaman baryn gören,
Biziň bilen hemra ýören,
Aksakgallar, bak, danadyr –
diýen çuňňur paýhasa ýugrulan setirleri-de tassyklaýar. Biziň halkymyz hem mydama ýaşululara uly sarpa goýup ýaşapdyr. Şonuň üçin-de olar hakda «Uly başlar – kiçi işlär», «Edebiň ýagşysy – ulyny syla», «Ulusy bolmadygyň – kiçisi bolmaz» diýen ýaly nakyllar döräpdir. Ýaşulularyň öwüt-nesihatlary, dana pentleri ýaş nesiller üçin özboluşly mekdepdir.
Biziň Garaşsyz ýurdumyzda her bir ajaýyp işler ýaşulularyň ak pata bermegi bilen başlanýar. Isle, galla ekişi, gowaça ekişi bolsun, «Ak kerwen» dabarasy bolsun, olara ýaşulular gatnaşyp, şol işlere badalga berýärler.
Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz aksakgal ýaşulularymyza sala salyp, döwlet ähmiýetli işleri geňeşli çöşýär. Çünki ýaşulular il içinde bolup, il-günüň ýagdaýyndan habarly adamlar. Olar ýaş nesilleriň arasynda öwüt-nesihat işlerini geçirip, olaryň her hili ýaramaz endiklerden daşda bolup, ýurduň akylly, asylly raýatlary bolup ýetişmekleri üçin tagalla edýärler. Olaryň pent-nesihatlary-da, öz ýaşan ömürleri-de ýaş nesillere uly göreldedir, nusgadyr.
Ýaşululyk – ömrüň güýzi. Güýz pasyllar içiniň seresi bolsa, buýsançly başlara «ak garyny sepeleýän» garrylyk – ömür daragtynyň hasyl getirýän döwri. Manyly ömrüň agramly bölegini gerdene atyp ýaşaýşyň ýagşylyklaryna guwanylyp ýaşalýan döwür bu. Özem her ýaşalan günde durmuşyň halal ýollaryndan söhbet edilip, ýaş nesilleriň ýagşyny-ýamany akylly-başly seljermegi, päkligi ýoldaş edinmegi üçin ýadaman ýaltanman öwüt-ündew edilýän döwür. Şonuň üçinem, garrylykdan hem-de garrylara gelişýän bu aladadan göwnühoş şahyryň:
«Dilleri senaly garrylar gerek»- diýen sözlerini biziň her birimiz müň kerem mamla hasaplaýarys. Hormatly Prezidentimiz ýaşululyk müçesine ýeten parasatly ata-enelerimize, mama-babalarymyza uly hormat-sarpa goýýar. Ony milli senenama boýunça her ýylyň oktýabr aýynyň 1-inde Ýaşulularyň Halkara gününiň bellenmeginde hem görýäris. Halkymyz bu senäni durmuş mekdebiniň dana mugallymlary bolan ýaşululara goýulýan mynasyp hormat-sylagyň, söýgi-sarpanyň, pähim-paýhaslylygyň baýramy hökmünde belläp geçýär.
Annageldi Saryýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.