Angliýadan soň dünýäniň iň gadymy ikinji futbol assosiasiýasy (1873) hasaplanýan Şotlandiýanyň milli ligasy häzirki wagtda “Scottish Premiership” diýlip atlandyrylýar. UEFA-nyň sanawynda orny 10–20-nji ýerlerde üýtgäp durýan çempionatda soňky 40 ýylda diňe 2 klub çempionlyk gazandy.
Çempionat 1890-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Häzirki wagtda 12 klubuň çykyş edýän çempionaty “Football League” (1890-1893), “Football League Division One” (1893-1946, 1975-1998), “Football League Division A” (1946-1955), “Football League Premier Division” (1955-1975), “Premier League” (1998-2013) diýlip atlandyryldy. Çempionat 1939-1946-njy ýyllar aralygynda 2-nji Jahan urşy sebäpli geçirilmeýär.
Şu wagta çenli çempionatda näçe klubuň oýnandygy anyk bilinmese-de, çempionlyk gazanan klublaryň sany 11-e deňdir. 128 möwsümi yzda galdyran çempionatyň 110 möwsüminde diňe 2 topar çempionlyk gazanýar. Ýagny “Seltik” bilen “Reýnjers” klublarynyň hersiniň 55 çempionlygy bolup, olar bu ugurda dünýäde 2-nji orny paýlaşýarlar. 1-nji ýerde Demirgazyk Irlandiýanyň “Linfild” topary bolup, onuň 57 çempionlygy bar. Glazgo şäheriniň 2 wekili diňe 2 gezek yzly-yzyna 2 möwsümde hem-de 1 gezek yzly-yzyna 3 möwsümde çempionlyk gazanyp bilmeýär. Ýogsam her ýyl diýen ýaly çempionlyk kubogy glazgolylaryň ellerinde ýokary göterilýär. Olaryň çempionlyk gazanyp bilmedik bassyr 3 ýyly diňe 1980-nji ýyllaryň başlarynda hasaba alynýar. 1983-84-85-nji ýyllarda Glazgo şäheriniň 2 kluby çempion bolmaýar. Mundan başga-da bu 2 klubdan haýsy hem bolsa biri 2 döwürde yzly-yzyna 2 möwsümi çempion bolup bilmeýär (1902/03 – 1903/04, 1950/51 – 1951/52).
110 çempionlykdan galan 19 çempionlygy beýleki 9 klub özara paýlaşýar (ilkinji möwsümde 2 klub çempion bolany üçin jemi 129 çempionlyk bar). 3 klubuň 4 çempionlygy bolup, Aberdin şäheriniň adybir kluby hem-de Edinburg şäheriniň “Harts” (doly ady “Hart of Midlotion”) we “Hibernian” klublary 4 gezek ýeňiş gazanýar. Ilkinji möwsümde çempionlygy “Reýnjers” bilen paýlaşan “Dambarton” toparynyň 2, şeýle-de, “Mozerwell”, “Kilmarnok”, “Dandi”, “Dandi Ýunaýted” klublarynyň hem-de ir döwür ýapylan “Sörd Lanark” toparynyň 1 çempionlygy bar.
133 ýyldan bäri çempionlyga garaşýar
Glazgo şäheriniň 2 garşydaş topary, dünýäniň iň dartgynly derbisini (“Old Firm”) emele getirýän taraplaryň biri bolan “Reýnjers” topary ilkinji çempionlygyny 1893/94 möwsüminde, ýagny ilkinji möwsümde gazanýar. Şol möwsüm 2 çempion hasaba alynýar. “Reýnjersden” başga-da “Dambarton” topary hem 18 oýunda 29 utuk gazanýar. Çempionlyk üçin pleý-off duşuşygy oýnalýar we oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanýar. Netijede 2 toparam çempion diýlip yglan edilýär. Ýöne ondan soňky möwsümde “Dambarton” topary taryhyndaky 2-nji we iň soňky çempionlygyny gazanýar. Häzirki wagtda 3-nji ligada çykyş edýän topara 133 ýyldan bäri çempionlyk gazanmak başardanok. Başgaça aýdylanda, toparyň çempionlygyny gören adamlary görenler hem şu günki günde ýok diýen ýaly.
“Dambartondan” soň gazanan çempionlygynyň üstünden iň uzak ýyl geçen 2-nji topar “Mozerwell” klubudyr. Bary-ýogy 1 gezek çempion bolan Demirgazyk Lankşaýr sebitiniň Mozerwell şäheriniň wekili şol taryhy çempionlygyny 1931/32 möwsüminde gazanypdy. Ýagny “Mozerwell” toparyna 93 ýyldan bäri çempionlyk başardanok.
Bu sanawda “Dambarton” hem-de “Mozerwellden” soň 3-nji orny “Hibernian” topary eýeleýär. Edinburg şäheriniň kluby ilkinji çempionlygyny 1902/03 möwsüminde gazanýar. Soňky 3 çempionlyga geçen asyryň ortalarynda 1947/48, 1950/51, 1951/52 möwsümlerinde ýeten “Hibernian” toparynyň yzly-yzyna gazanan ýeňişleriniň üstünden 73 ýyl geçdi. Olara 1975-nji ýyldan bäri ikinjilik hem miýesser edenok.
Edinburg şäheriniň beýleki bir topary, “Hibernianyň” esasy garşydaşy “Hart of Midlotion”, gysgaça aýdylanda, “Harts” topary bäsdeşine garanyňda ganymadrak bolsa-da, olaryň soňky çempionlygynyň şaýatlarynyň sany az-azdyr. Ýurduň çempionlyga ýeten 4-nji topary bolan “Harts” ilkinji 2 altyn medalyny öňki asyrda, 1894/95 hem-de 1896/97 möwsümlerinde gazanýar. Soňky 2 çempionlyk üçinem ýarym asyrdan köp garaşan “Harts” topary ýene-de 1 ýyllyk arakesme bilen 1957/58 hem-de 1959/60 möwsümlerinde çempionaty iň ýokarky basgançakda tamamlaýar. “Harts” topary şondan soň 5 gezek çempionlyga golaýlap, 2-nji orny eýeleýär. Mahlasy, “Harts” toparyna 65 ýyldan bäri çempionlyk ýetdirenok.
Şotlandiýanyň 4-nji uly şäheri bolan Dandiniň ady meňzeş 2 toparynyň biri “Dandi” FK kluby taryhyndaky ýeke-täk çempionlygyny 63 ýyl mundan ozal, ýagny 1961/62 möwsüminde gazanypdy. Şondan bäri kluba şol ýeňşini gaýtalamak başardanok. Kilmarnok şäheriniň adybir klubunyň çempionlygy ýatdan çykaranyna 60 ýyl doldy. Ýeke-täk çempionlygyny 1964/65 möwsüminde gazanan “Kilmarnok” topary şondan bäri 2-nji orny hem eýelänok.
Gazanan çempionlyklarynyň arakesmesi ýarym asyrdan az bolan 2 topar bar. Olar “Dandi Ýunaýted” bilen “Aberdin” toparlarydyr. Dandi şäheriniň “Dandi Ýunaýted” topary 42 ýyl mundan öň, ýagny 1982/83 möwsüminde çempionlyk kubogyny asmana göteripdi. Bu olaryň taryhlaryndaky ýeke-täk çempionlygydyr.
Aleks Fergusondan soň çempionlyk ýok
Şotlandiýanyň öňdebaryjy 3-nji kluby “Aberdin” toparynyň janköýerleri 40 ýyldan bäri çempionlyga garaşyp ýörler. Taryhynda 4 gezek çempionlyk gazanan “Aberdin” kluby glazgolaryň çempionlyklarynyň arasyny bölen soňky topardyr. Ony hem başaran dünýä belli tälimçidir. Aberdin şäheriniň adybir topary ilkinji gezek çempionaty 1955/56 möwsüminde 1-nji orunda tamamlaýar. Soňky 3 çempionlyk bolsa 1980-nji ýyllaryň ilkinji 5 ýylynda hasaba alynýar. Dünýäniň iň köp kubok gazanan tälimçisi Aleks Ferguson “Ser” titulyny almazdan öň, ýagny “Mançester Ýunaýteddäki” futbolda uly yz galdyran taryhy ýyllaryndan öň “Aberdin” toparyny türgenleşdirýärdi. Ol bu kluba 6 ýyl tälimçilik edip, topara 1979/80 hem-de yzly-yzyna 1983/84 we 1984/85 möwsümlerinde jemi 3 çempionlyk gazandyrýar. Klub geçen möwsümde 35 ýyldan soň Şotlandiýanyň Kubogyny gazansa-da, “Seltik” bilen “Reýnjersiň” arasyna girmek olar üçin entek-entekler uzak ýaly. “Aberdin” topary soňky çempionlykdan soň 9, umumylykda 17 gezek çempionaty 2-nji orunda tamamlaýar.
Şotlandiýanyň ýene bir çempion topary-da “Sörd Lanark” bolup, 1872-nji ýylda esaslandyrylan klub 1903/04 möwsüminde çempionlyk gazanýar. Klub 1967-nji ýylda-da ýapylýar.
Ilkinji çempionlygyny 1892/93 möwsüminde gazanan ýagny, ýurduň 3-nji çempiony “Seltik” topary soňky 15 ýylda 13 gezek altyn medala mynasyp bolýar. Bu çempionlyklar ony bir döwürler ep-esli öňde barýan köne bäsdeşi “Reýnjers” bilen deňleşdirýar. Ýagny häzirki wagtda iki toparyňam 55 çempionlygy bolup, “Reýnjers” 36, “Seltik” 32 gezek 2-nji orny eýeleýär. Bürünç medallarda-da “Reýnjers” 20-17 öňde barýar. Soňky ýyllarda “Reýnjersiň” şeýle yza galmagynda klubuň maliýe ýetmezçiligi sebäpli aşaky ligalara düşürilmeginiň hem täsiri az däl.
Çempionlygyň 3-nji faworiti ýok
Wagtal-wagtal Glazgo şäheriniň 2 wekiliniň hem Angliýanyň “Premier Ligasyna” goşulmaly diýen gürrüňler çyksa-da, häzirki wagtda çempionat ýokary depginde dowam edýär. Çempionat 38 tapgyrdan ybarat bolup, 1-22-nji tapgyrlarda toparlaryň hersi öz meýdançasynda hem-de myhmançylykda 2 gezek özara duşuşýar. 23-33-nji tapgyrlarda toparlar özara 1 gezek duşuşýar. Başga bir topar bilen öz meýdançasynda oýnasa, indiki topar bilen myhmançylykda duşuşyk geçirýär. 34-38-nji tapgyrlarda çempionat 6 toparly 2 bölege bölünýär. Ýagny öňdäki 6 topar özarasynda, aşaky 6 orundaky toparlaram özarasynda 1 gezek duşuşýar. Netijede, hem çempion, UEFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşjak klublar hem-de ligadan düşen toparlar belli bolýar. Çempionatda soňky 2 orny eýelän klublar aşaky liga düşýär.
Şu gün Şotlandiýanyň çempionatynyň täze 129-njy möwsümine badalga berler. Çempionatdaky 12 klubuň 7-siniň tälimçisi ýerli şotland hünärmenler bolup, galan 5 kluba legionerler tälimçilik edýär. Olaryň 2-si Demirgazyk Irlandiýadan, ýene bir Irlandiýadan, şeýle-de, Şwesiýadyr Daniýadanam 1 tälimçi bar.
Täze möwsümde-de Brendan Rojersiň tälimçiligindäki “Seltik” topary çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Yzygiderliligini saklamakda kynçylyk çekýän “Reýnjers” 2-nji esasy dalaşgär bolup, çempionatda çempionlygyň 3-nji dalaşgäri ýok diýsek öte geçdigimiz bolmaz.
Gazetiň sport synçysy