Ýewropanyň nebit-gaz ýataklaryna baý ýurdy bolan Norwegiýa ilat sany hasaba alnanda iň köp elektroulag ulanylýan döwlet hasaplanýar. 2010-njy ýylda ýurtdaky elektroulaglaryň sany umumy awtoulaglaryň 1 göteriminden hem azdy. Geçen ýyl bu görkeziji 88,9 göterime ýetdi. Ýurtda benzin ýa-da dizel ýaly nebit ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň sany barha azalýar. Norwegiýanyň awtoýollary edarasynyň taýýarlan maglumatyna görä, ýylyň başynda satylan ulaglaryň 96 göterimini elektroulaglar emele getiripdir. Bu bolsa ýurtda diňe elektroulag satyljak günleriň daşda däldigini görkezýär. Norwegiýanyň elektroulaglar jemgyýeti (NEVA) üstümizdäki ýylda satyljak ulaglaryň 95 göteriminden gowragynyň elektroulag boljakdygyny çaklaýar.
Ogulsabyr GOÇYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.