Alty zenan “Blue Origin” kompaniýasynyň “New Shepard” atly raketasy kosmosa çykdylar. ABŞ-nyň Tehas ştatyndan amala aşyrylan uçuş birnäçe minut dowam etdi. Kosmosa çykanlaryň arasynda meşhur zenan aýdymçy Keti Perri hem bar. Şeýle hem aerokosmos inženeri Aýşa Bow, bioastronawtika gözlegleri boýunça alym Amanda Nguýen, teležurnalist Geýl King, prodýuser Kerianne Flinn we žurnalist Loren Sançes astronawt adyna eýe boldular.
Göteriji raketa uçurylandan 2 minut 40 sekuntdan soňra kosmos kapsulasy raketadan bşlünip aýryldy. Şondan 1 minut çemesi wagtdan soňra bolsa, atmosferadan çykyp, kosmos giňişligine aralaşdy. Astronawtlar Ýeriň dartyş güýjüniň bolmadyk giňişliginde 4 minut uçdular. Bu beýiklik Ýeriň ýüzünden 100 kilometr çemesi ýokarda. Ýeriň atmosferasy bilen kosmos giňişliginiň serhedi hasaplanýan bu çäk Karman gatlagy diýlip atlandyrylýar. Kosmos giňişliginde wagty Keti Perri “What a Wonderful World” aýdymyny aýtdy.
“New Shepard” raketasy kosmosa uçanynda ses tizliginden üç esse batly hereket etdi. “Blue Origin” kompaniýasy 2021-nji ýyldan bäri dowamlylygy 10 minut töweregi bolan şeýle syýahatlary amala aşyrýar. Bu syýahata gatnaşanlaryň ählisi zenan bolmagy bilen tapawutlanýar. Kosmosa çykan ilkinji zenan Walentina Tereşkowa hasaplanýar. Sewet kosmonawty 1963-nji ýylda kosmosa çykypdy.