Italiýanyň Stelwiýo milli seýilgähinde 210 million ýyl taryhy bolan äpet dinozawryň aýak yzlary tapyldy. Gadymy jandarlaryň ýüzlerçe aýak yzy abat ýagdaýda saklanyp galypdyr. Olaryň käbiriniň ululygy 40 santimetre ýetýär. Ugurdaş birnäçe hatarda ýerleşen aýak yzlarynyň köpüsinde barmaklaryň we penjeleriň yzlary aýdyň görünýär. Alymlar bu yzlaryň uzyn boýunly, kiçi kelleli we ýiti penjeli, ot iýýän jandarlar bolan prozauropodlara degişlidigini çaklaýarlar. Bu yzlary şu ýylyň sentýabr aýynda Elio Della Ferrera atly fotosuratçy tapypdyr. Soňra ol ýerde alymlar has giňişleýin barlag geçiripdir. Bu dinozawrlaryň öň aýaklary bilen hem ýere basandyklary bellenilýär.
Tyllagözel Babaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









