Argentinanyň Patagoniýa sebitinde Hek döwrüne degişli gaýalaryň arasynda dinozawryň täze görnüşi ýüze çykaryldy. Gadymy jandaryň kelle çanagy, öňki we yzky aýaklary guýrugynyň süňkleri saklanyp galypdyr. Alymlar jandaryň kellesiniň süýri, penjeleriniň güýçli bolandygyny belleýärler. Bu jandaryň megaraptor toparyna degişlidigi bellenildi. Şeýle hem onuň soňky iýmiti krokodil bolupdyr.
Süňkler 66-70 million ýyl bilen senelenýär. Megaraptor toparyň beýleki agzalaryndan tapawutly bolan jandara “Joaquinraptor casali” ylmy ady berildi. Alymlar dinozawryň ululygynyň 7 metre barabar bolandygyny, ölen wagty 19 ýaşyndadygyny anykladylar.
Megaraptorlar Günorta Amerika, Awstraliýa we Aziýanyň käbir sebitlerinde ýaşapdyr.
Bu barada “Nature Communications” atly žurnalda makala çap edildi.