“Walt Disney Co.” kompaniýasynyň direktorlar geňeşi, häzirki wagtda dynç alyş seýilgähler bölümini dolandyrýan Joş D’Amarony kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellemek ugrunda ses berdi.
Kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylyşy ýaly, 54 ýaşly D’Amaro 18-nji martda, “Disney”-iň paýdarlarynyň her ýylky ýygnagy geçiriljek güni bu wezipä bellener. Ol şol ýygnakdan soňra haýal etmän direktorlar geňeşiniň düzümine hem goşular.
D’Amaro iki ýyllyk arakesmeden soň 2022-nji ýylyň ahyrynda baş ýerine ýetiriji direktory wezipesine dolanyp gelen 74 ýaşly Bob Aýgeriň ornuny tutar. Mundan ozal ol kompaniýa 2005-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk edipdi. Aýger diňe iki ýyllyk möhlet bilen “Disney”-e dolanmagy meýilleşdiripdi, emma onuň ornuny tutjak adamy gözlemek işi uzaga çekdi. Ol 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda pensiýa çykýança “Disney”-iň direktorlar geňeşiniň agzasy bolup galar.
28 ýyl bäri “Disney”-de işläp gelýän D’Amaro häzirki wagtda seýilgähler, myhmanhanalar we kruiz gämileri ýaly iň uly ugra ýolbaşçylyk edýär. 2025-nji maliýe ýylynda bu bölümiň girdejisi 36 milliard dollara deň boldy.