Hindistanda yşyklaryň baýramy hasaplanýan Diwali festiwaly geçirildi. Däp bolşy ýaly, Diwali her ýyl güýz paslynda bellenýär. Hindi medeniýetinde bu baýramçylyk ýagtylygyň garaňkylykdan, ýagşylygyň ýamanlykdan we hakykatyň ýalandan üstün çykmagyny alamatlandyrýar. Ýurtda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biri bolan Diwali güni adamlar öýlerini, dükanlaryny, ybadathanalary we beýleki ýerleri şemler we çyralar bilen bezeýärler. Myhmanlary garşy almak üçin bolsa, öýüň girelgesine reňkli tozgalar bilen gülüň nagşyny çekýärler. Şeýle hem toýundan ýasalan şemdanlarda şem ýakylýar. Bu baýramçylykda adamlar täze egin-eşikleri geýnip, dost-ýarlaryna we dogan-garyndaşlaryna sowgat berýärler.
Ýurduň Uttar-Pradeş ştatyndaky Aýodhýa şäherinde Sarda derýasynyň kenaryndaky dabaralarda bolsa, 2,6 milliondan gowrak şem ýakylyp, rekord goýuldy. Şeýlelikde, bu rekord geçen ýylky rekordy täzeläp, Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.
Jahan HAÝTEKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
PDF








