Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, bagbanlary “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – at-myradyň mekany” adyna eýe bolan 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinden başlap welaýatyň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalarda, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda daýhan birleşiklerinde, mekdeplerde, çagalar bakja-baglarynda, ýörite hünär okuw mekdeplerinde, bolup, ýaş nahallary oturtmagyň usullary, olara ideg etmegiň agrotehniki çäreleri dogrusunda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýar. Biz önümizde goýlan anyk wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny gazanmak dogrusunda ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga berýän ýazky we güýzki bag ekmek çäresine saldamly goşantlarymyzy goşup, öz nahalhanamyzda ýetişdirilýän agaç nahallarynyň we hoşboý ysly bägülleriň müňlerçe düýplerini agza bolup durýan edara-kärhanalara, daýhan birleşiklere, mekdeplere çagalar bakja-baglaryna paýlap berip, oturdylyşy we ideg etmegiň agrotehniki çäreleri dogrusunda düşündiriş işlerini geçirýäris. Üstümizdäki ýylda nahalhanamyzda daragtlaryň şitilleriniň we hoşboý ysly bägülleriň dürli görnüşleriniň 20 müňden gowuragy ýetişdirilýär. Jemgyýetiň bagbanlarynyň, hünärmenleriň yhlas-hyjuwlaryndan kemala getirilýän şitiller hoşboý ysly güller oturdulyp ýakyn geljekde welaýatymyzyň şäherleridir obalarymyza gözellik nuruny çaýýar.
Biz gelejekde hem bu alnyp barylýan işleriň depginini gowşatman dünýäni haýrana goýan türkmen tebigatyna bolan söýgini gazanyp, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden milli “Tokaý döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa ornaşmagynda saldamly goşandymyzy goşýarys.
Goý, şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak alyp barýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
Suratda: Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bagbanlary Rozymurat Saparow, Miwe Araşowa dagy nahalhanamyzda işläp oturan pursatlary hem-de jemgyýetiň hünärmeni Rejepgül Huddyýewa bilen bagbanlaryň maslahat edýän pursatlary.
Gunça Pamyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni.
PDF









