Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň haýsy ulgamyny alsaň-da, onuň kämillik derejesine ýetendiginiň şaýady bolýarsyň.
Ýurdumyzda açylyp ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalar we şäherçeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde Döwletli mekan obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde Bitaraplyk şäherçesiniň hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde Bagtly zamana obasynyň açylmagy mynasybetli guralan dabaralar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda hakyky toý wakalaryna öwrüldi.
Bagtly zamana obasy 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini, geňeşligiň edara binasyny özünde jemleýär. Döwletli mekan obasynda edil şonuň ýaly, 400 sany ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, saglyk öýi, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi bar. Ol ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Bitaraplyk şäherçesinde 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary bar.
Halkara ölçeglere laýyk gelýän bu desgalar türkmen gurluşykçylarynyň, türkmen telekeçileriniň güýji bilen bina edildi. Munuň özi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ajaýyp işleriň hemmesi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän yhlas-aladalaryň netijesidir.
Zylyha AGAJANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.