8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Üç gün dowam eden dabaralaryň jemleýji gününde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri geçirildi.
Dabaraly konsert «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym bilen açyldy. Bu çykyş özünde aýdym-saz we tans sungatyny jemläp, onda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza çäksiz söýgüsi, hormaty öz beýanyny tapdy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň tansly çykyşlary halkymyzyň Milli Liderimize buýsanjynyň şöhlelenmesine öwrüldi.
Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň çykyşlarynda bu ýurtlaryň halk döredijiliginiň, häzirki zaman sungatynyň baý däpleri we özboluşlylygy beýan edildi. Halk saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy, döwrebap sazlar, aýdymçylaryň ýakymly mukamy, milli öwüşginli tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Çykyşlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň milli sungatynyň baýlygyny şöhlelendirýän žanrlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy.
Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň meşhur halk hem-de estrada aýdymçylary, tanymal sazandalary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar türkmen aýdym-saz sungatynyň naýbaşy eserlerini, söýgi, dostluk, ajaýyp dünýä baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şirin owazlar diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Döwlet tans toparynyň, “Dehistan” folklor toparynyň, “Galkynyş”, “Näzli”, “Meňli” tans toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk konsertine meşhur, tejribeli artistler bilen bir hatarda, sungat ýoluna täze gadam basan ýaş artistler hem gatnaşdylar. Munuň özi halkymyzyň zehin çeşmesiniň egsilmezdiginiň, milli sungatymyzyň dowamat-dowam bolýandygynyň güwäsine öwrüldi.
Deňziň gözel keşbi, interaktiw suw çüwdürimleriniň emele getirýän şekilleri, yşygyň, reňkiň we sesiň sazlaşygy konsertiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Merkezde, sahnanyň daş-töwereginde ýerleşdirilen uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller çykyşlaryň şowhunyny artdyrdy. Sözleri we sazy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna» atly aýdym konserte gatnaşyjylar üçin hakyky sowgat boldy. Aýdymyň sazy ýaňlanan badyna, tomaşaçylary ruhubelent duýgular gurşap aldy. Ajaýyp sazy, çuňňur manyly sözleri bilen bu aýdym dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň kalbynda aýratyn täsirleri galdyrdy.
Däp bolşy ýaly, dabaraly konsertiň ahyrynda gadymy «küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Milli däpleri özünde jemleýän, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasy bilelikdäki konsertiň esasy mazmunynyň, ýagny parahatçylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna döredijiligiň, agzybirligiň dabaralanmasynyň beýany boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy. Bu aýdymda türkmen halkynyň nurana geljege tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň häzirki döwrüne bolan buýsanjy şöhlelendi.