Sagdyn iýmitlenmek – beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar – fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bolýar. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsiz, otura ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär.
Lukmanlar günüň dowamynda 30 minut türgenleşmegi maslahat berýärler. 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine kömek edýär. Muny 10–15 minutdan iki-üç gezege bölmek hem bolar. Ilkinji türgenleşigi bedene agram salmaz ýaly, gezim etmekden başlamaly. Ondan soňra az-azdan tiz ýöremäge, ylgamaga, çekilmek-ýazylmak maşklaryna uýgunlaşmaly.
Sagdyn iýmitlenmegiň hem düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Günüň dowamynda ter görnüşinde 400 gramdan az bolmadyk mukdarda miwe we gök önüm iýmeli. Gök önümler dürli-dürli bolmaly. Sebäbi iýmitiň bir görnüşi adam bedenini ähli zerur maddalar bilen üpjün edip bilmeýär. Mysal üçin, ýeralma bedeni C witamini bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy ýerine ýetirip bilmeýär. Däneli ösümlikler demre baý, ýöne olaryň düzüminde C witamini ýokdur. Adamlarda çörek bilen ýeralmanyň beýleki iýmit önümlerine garanyňda basym semredýändigi barada düşünje bar. Şeýle-de bolsa, iýmitiň esasy bölegini çörek, aş önümleri, tüwi we ýeralma tutmaly. Olaryň düzüminde ýag az bolup, ýokumly maddalar köpdür. Ösümlikdir ot-çöpleriň düzümi hem ýokumly, işjeň maddalara baýdyr. Nahary aşa duzly iýmek dogry hasaplanmaýar. Günüň dowamynda adam başyna ulanylýan duzuň möçberi 1 çaý çemçesinden (6 gram) köp bolmaly däl.
Gülbahar Şihmyradowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýa kafedrasynyň assistenti.