Katar döwleti telekeçilik üçin amatly şertleri döretmek arkaly innowasion kompaniýalary özüne çekmek ugrunda MENA (Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika) sebitiniň beýleki ýurtlary bilen işjeň bäsleşýär. Dohada geçirilýän «Web Summit Qatar» maslahaty pudagyň wekilleri üçin tejribe alyşmaga we täze meýilnamalary düzmäge uly mümkinçilik döredýär.
Dohada üçünji gezek geçirilýän bu sammit rekord derejedäki gatnaşyjy sany bilen başlandy. Foruma dünýäniň 120-den gowrak ýurdundan jemi 30 müňden gowrak myhman geldi. Olaryň arasynda 1600 startap, 900 maýadar we 400 spiker bar. Bu görkezijiler maslahaty Kataryň şu güne çenli geçiren iň iri tehnologiýa çäresine öwürdi. 1-nji fewraldan 4-nji fewral aralygynda dowam edýän sammit emeli aňdan başlap, maliýe tehnologiýasy we täze energiýa çözgütlerine çenli dürli ugurlary öz içine alýan iň möhüm tehnologiýa meýdançasy hasaplanýar. Çäräniň hyzmatdaşlarynyň arasynda IBM, “Microsoft”, “Huawei” we “Qatar Airways” ýaly dünýäniň öňdebaryjy ägirtleri bar.
Tehnologik täsiriň üýtgemegi
Açylyş dabarasynda çykyş eden «Web Summit»-iň baş direktory Peddi Kosgreýw tehnologiýa äleminde dünýä dinamikasynyň üýtgeýändigini belledi. Ol Hytaýyň «UniTree» kompaniýasy tarapyndan döredilen iň kämil adamsypat robotlaryň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Kosgreýwiň sözlerine görä, häzirki wagtda Günbatar kompaniýalary esasy “oýunçylar” bolup galsalar-da, Hytaýyň innowasiýa depginine ýetişmekde kynçylyk çekýärler. Ol: «Mundan üç ýyl ozal adamlar köp polýarly dünýäniň gürrüňini edýän bolsalar, indi biz eýýäm şol dünýäde ýaşaýarys» diýip belledi.
Jemgyýetçilik öňündäki ilkinji çykyş
Şeýle hem çäräniň dowamynda syýasy täsirlerden azat we algoritmleriň aýdyňlygy bilen tanalýan «Upscrolled» jemgyýetçilik ulgamynyň esaslandyryjysy, asly palestinaly awstraliýaly inžener Issam Hijazi ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş etdi. Ýakynda bu goşundy ABŞ-nyň “Apple App Store” we “Google Play” dükanlarynda iň köp ýüklenen mugt programmadyr. Onuň ulanyjylarynyň sany bary-ýogy bir hepdede 150 müňden 1 milliona ýetdi.
Startaplara goldaw
Sammitde Kataryň startap ekoulgamyny berkitmäge gönükdirilen möhüm beýanatlar berildi. Dohada geçirilýän «Web Summit» forumynyň açylyşynda Kataryň Premýer-ministri Muhammet bin Abderrahman Al Tani ýurduň Maýa goýum edarasynyň (QIA) golçur kompaniýalaryny höweslendirmek maksatnamasyna ýene-de iki milliard dollar maýa goýuljakdygyny habar berdi.
Häzirki wagtda bu ugur boýunça Dohada eýýäm 12 sany iri golçur topary iş alyp barýar, bu bolsa Kataryň sebitde tehnologiýa merkezi hökmünde ösmäge bolan uly gyzyklanmasyny görkezýär. Sammitiň beýleki esasy spikerleriniň arasynda şeýha Moza bint Nasser, «B Capital»-dan Eduardo Sauerin, «Amino Capital»-dan Larri Li, «Lumi»-den Kolin Kapernik we grek ykdysatçysy, öňki maliýe ministri Ýanis Warufakis bar.