Prezident Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistanyň halk demokratik partiýasy (THDP) parlament saýlawlarynda orunlaryň 80 göterimine eýe boldy. Bu barada ýurduň Saýlawlar we sala salşyklar boýunça merkezi komissiýasy habar berdi.
Ses berişlik garyşyk ulgam boýunça geçirildi: 41 deputat bir mandatly saýlaw okrugyndan, ýene 22-si syýasy partiýalaryň sanawyndan saýlandy. Jemi 220 dalaşgär, şol sanda öz-özüni hödürleýän 65 dalaşgär aşaky palatadaky 63 orun üçin bäsleşdi.
Häkimiýet başyndaky partiýa parlamentiň aşaky palatasyndaky 63 ornuň 49-syny (77,8%) aldy. Hususan-da, THDP partiýa sanawy boýunça 12, bir mandatly saýlaw okrugy boýunça 37 orna eýe boldy.
Şeýle hem aşaky palatanyň täze düzümine Agrar partiýasynyň 7 wekili, Ykdysady özgertmeler partiýasynyň 5 wekili, Demokratik we Sosialistik partiýalaryň her birinden bir wekil girer.
2-nji martda Täjigistanda parlamentiň aşaky palatasyna, şeýle hem ýurduň sebitleriniň, şäherleriniň, etraplarynyň we obalarynyň kanun çykaryjy organlaryna saýlawlar geçirildi. Saýlawçylaryň gatnaşygy 85,3% bolup, jemi 4,7 milliondan gowrak saýlawlara gatnaşmaga hukugy bolan raýat ses berdi.
GDA-nyň we ŞHG-niň synçylar missiýalary saýlawlaryň Respublikanyň halkara borçnamalaryna we milli kanunçylygyna laýyklykda geçirilendigini bellediler. Saýlawlaryň soňky netijeleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanmaly we 16-njy martda metbugatda çap edilmeli.