1605-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda ispan ýazyjysy Migel de Serwantesiň “Ýeser idalgo Don Kihot lamançaly” romany (gysgaça “Don Kihot” hem diýilýar) neşir edilýär. On ýyldan soňra eseriň ikinji jildi çap edilýär. Häzirki wagtda hem söýlüp okalýan bu eser dürli dillere terjime edilip, dünýä nusgawy edebiýatynda uly orun eýeledi.