Doň­dur­ma to­mus pas­lyn­da köp iýil­ýän iý­mit­le­riň bi­ri bo­lup, ho­wa­nyň yssy gün­le­ri ja­na şy­pa ber­ýär. So­wuk we süý­ji iý­mi­tiň ta­ry­hy has ir­ki ýyl­lar­dan göz­baş al­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­taý­da we Tu­ran­da gara ýa-da bu­za mi­wä­niň so­wa­dy­lan bö­le­jik­le­ri go­şu­lyp, doň­dur­ma taý­ýar­la­nyp­dyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­la­ra gö­rä, XVII asyr­da süýt (gaý­mak) bi­len şe­ker kül­ke­si ga­ry­lyp, hä­zir­ki­le­re meň­zeş doň­dur­ma taý­ýar­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ulu­dan ki­çi hem­mä­niň söý­gü­li iý­mi­ti­ne öw­rü­len doň­dur­ma­nyň 100-den gow­rak gör­nü­şi bar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da doň­dur­ma­nyň ýör­gün­li gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

«Ge­la­to», Ita­li­ýa. Gast­ra­no­mi­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryn­dan bo­lan Ita­li­ýa­nyň piz­za, spa­get­ti ýa­ly dün­ýä bel­li ta­gam­la­ry­nyň bi­ri-de «ge­la­to» doň­dur­ma­sy­dyr. «Do­ňak­lyk» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan «ge­la­to» dün­ýä­de uly is­leg bilen alyn­ýan doň­dur­ma gör­nü­şi­dir. Iň tä­ze we ter önüm­ler­den taý­ýar­lan­ýan «ge­la­to»-nyň dü­zü­mi­ne ýu­murt­ga hem go­şul­ýar. Gaý­mak­ly, wa­ni­lin­li, şo­ko­lad­ly, ba­dam­ly, fun­duk­ly hem-de pis­se­li gör­nüş­le­ri bo­lan doň­dur­ma al­ma, ýer­tu­da­na, ma­li­na, li­mon, ana­nas ýa­ly mi­we­ler hem go­şul­ýar. Dy­kyz­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan «Ge­la­to» doň­dur­ma önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryn­dan bo­lan Ita­li­ýa­dan beý­le­ki ýurt­la­ra yzy­gi­der­li eks­port edil­ýär.
«Ma­raş doň­dur­ma­sy», Tür­ki­ýe. Tür­ki­ýä­niň dün­ýä bel­li ta­ga­my bo­lan ma­raş doň­dur­ma­sy ge­çi süý­dün­den, or­hi­de­ýa­nyň kö­kü­niň kül­ke­sin­den hem-de şe­ker­den taý­ýar­la­nyl­ýar. Il­kin­ji ge­zek XV asyr­da ma­raş­ly Os­man aga ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lanan bu doňdurma Tür­ki­ýä­niň di­ňe Kah­ra­man­ma­raş we­la­ýa­tyn­da ön­dü­ril­ýär. Dün­ýä­niň en­çe­me ýur­du­na eks­port edil­ýän bu doň­dur­ma­nyň ýe­ne bir üýt­ge­şik ta­ra­py, onuň dü­zü­min­de bar bo­lan wi­ta­min­le­ri bil­ýän­le­riň sa­ny­nyň ju­da az bol­ma­gy­dyr. Süýn­ýän bu doň­dur­ma A, B, C, D, E wi­ta­min­le­ri­ne baý iý­mit­dir.
«Mochi», Ýa­po­ni­ýa. Tü­wi unun­dan taý­ýar­lan­ýan bu ta­ga­myň da­şy ýum­şak mar­me­la­dy ýa­dy­ňa sal­ýar. Ýa­pon­la­ryň meş­hur doň­dur­ma­sy bo­lan «mochi»-niň dü­zü­min­de tü­wi unun­dan edi­len ha­my­ryn­dan baş­ga-da, suw, şe­ker hem-de krah­mal bar.
«Fro­zen yo­gurt», ABŞ. Ame­ri­ka­ly­la­ryň iň söý­gü­li doň­dur­ma­sy bo­lan bu önü­miň dü­zü­mi­niň esa­sy­ny süýt bi­len ýo­gurt eme­le ge­tir­ýär. Ýo­gurt­ly doň­dur­ma­nyň ýag­ly­ly­gy az bo­la­ny üçin ýe­ňil ha­sap­lan­ýar. ABŞ-nyň çä­gin­de giň­den ýaý­ran «Fro­zen yo­gurt»-yň üs­tü­ne ýa-da içi­ne ki­wi, ýer­tu­da­na, ma­li­na, ba­nan ýa­ly mi­we­ler, ow­ra­dy­lan kö­ke ýa-da ma­ňyz go­şu­lyp hö­dür edil­ýär.
«Pa­le­tas», Mek­si­ka. Buz­ly doň­dur­ma gör­nü­şi bo­lan «pa­le­tas» mek­si­ka­ly­la­ryň söý­gü­li ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Içi mi­we­li bu doň­dur­ma «doň­du­ry­lan mi­we» hem di­ýil­ýär. Li­mon, ki­wi, ýer­tu­da­na hem-de mi­we şi­re­si ga­ry­lan, köp­çü­lik ta­ra­pyn­dan go­wy gö­rül­ýän «pa­le­tas» öz­bo­luş­ly gap­ja­ga­zyň için­de doň­dury­lyp taý­ýar­lan­ýar. «Pa­le­tas»-yň hy­ry­da­ry La­tyn Ame­ri­ka­syn­da, ABŞ-da hem-de Ka­na­da­da ju­da köp bo­lup, kö­çe­de sa­tyl­ýan bu doň­dur­ma öz göz­ba­şy­ny 1870-nji ýyl­lar­dan alyp gaýd­ýar.
«Spag­het­tieis», Ger­ma­ni­ýa. Gör­nü­şi ital­ýan­la­ryň spa­get­ti ta­ga­my­na meň­zeş bu doň­dur­ma­ny 1960-njy ýyl­lar­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Man­geým şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Da­rio Fon­ta­nel­la oý­lap tap­ýar. Onuň dü­zü­mi wa­ni­lin, ýag­ly gaý­mak (kre­ma), ýer­tu­da­na­nyň şi­re­si hem-de ak şo­ko­la­dyň gy­ryn­dy­syn­dan yba­rat. Spa­get­ti ýa­ly gö­rün­me­gi üçin bu doň­dur­ma gyr­gyç­dan ge­çi­ril­ýär.
«Sor­be­tes», Fi­lip­pin­ler. Ýur­duň mil­li ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «sor­be­tes» doň­dur­ma­sy ko­ko­syň süý­dün­den taý­ýar­lan­ýar. Gäw­mi­şiň süý­dün­den hem taý­ýar­lan­ýan bu doň­dur­ma­nyň dü­zü­mi­ne man­go­nyň, awo­ka­do­nyň, ýer­tu­da­na­nyň, ga­wu­nyň hem-de ýer­li kä­bir mi­we­le­riň su­wy go­şul­ýar. 1979-njy ýyl­da «Ma­mang So­be­te­ro» at­ly fil­mi hem su­ra­ta dü­şü­ri­len bu doň­dur­ma ag­la­ba kö­çe­de sa­tyl­ýar.
«Ais kacang», Ma­laý­zi­ýa. Di­ňe bir Ma­laý­zi­ýa­da däl, eý­sem, Sin­ga­pur we Bru­neý­de-de kö­püň söý­gü­si­ni ga­za­nan «ais kacang» doň­dur­ma­sy­na ABC hem di­ýil­ýär. «Noý­ba bu­zy» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan «ais kacang» il­kin­ji ge­zek buz­dan we gy­zyl noý­ba­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da içi­ne mek­ge, ara­his we dür­li mi­we­ler go­şu­lyp iýil­ýär. Ma­laý­zi­ýa­da «ais kacang»-yň üs­tü­ne bir çem­çe doň­dur­ma goý­lup, hö­dür edil­ýär.
«Kul­fi», Hin­dis­tan. XVI asyr­da Be­ýik Mo­gol­lar im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de oý­la­nyp ta­py­lan bu doň­dur­ma di­ňe bir Hin­dis­tan­da däl, Uzak Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da-da giň­den ýaý­ran­dyr. Hin­dis­ta­nyň hem-de Pa­kis­ta­nyň mil­li ta­gam­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän «kul­fi» beý­le­ki doň­dur­ma­la­ra gö­rä, ýag­ly ha­sap­lan­ýar. «Kul­fi» «üs­ti ör­tü­len kä­se» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Sy­gyr süý­dün­den taý­ýar­lan­ýan bu öz­bo­luş­ly ta­ga­myň bä­gül­li, man­go­ly, saf­ran­ly hem-de pis­se­li gör­nüş­le­ri has ýör­gün­li­dir.