Şu gün, 11-nji aprelde Aşgabat şäherinde Ýewropa gününe bagyşlanan “Dostluk ganatlary Ylgawy: ÝBxTürkmenistan” atly köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Bu çäre Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şeýle-de türgenleri, höwesjeň ylgawçylary we raýatlary sagdyn durmuş, dostluk we jebislik ruhunda birleşdirýän «Run-Rush» jemgyýetçilik hereketiniň goldawy bilen guraldy. Ýewropa gününi bellemek çäreleriniň çäginde we Bütindünýä saglyk güni bilen baglanyşyklylykda geçirilen çäre joşgunly we inklýuziw atmosferada 650-den gowrak hasaba alnan gatnaşyjyny bir ýere jemledi.
2025-nji ýylda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak marafony” çäresiniň üstünlikli tejribesine daýanmak bilen, 2026-njy ýylyň ylgaw ýaryşy bu oňyn däbi täzelenen formatda dowam etdirdi we sport hem-de jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy arkaly Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitdi.
Ýewropa Bileleşiginiň gymmatlyklaryna we Ýewropa gününiň ruhuna esaslanyp, jebisligi, inklýuziwligi we raýdaşlygy öňe sürýän bu çäre şäher möçberindäki sport baýramçylygynda ussat türgenleri, höwesjeň ylgawçylary, ýaşlary, çagalary, maşgalalary we maýyplygy bolan adamlary bir ýere jemlemek arkaly sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini höweslendirmegi maksat edindi. Ol oňyn jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, özara hormaty we jebislik duýgusyny ösdürip, hyzmatdaşlygyň we abadançylygyň umumy gymmatlyklaryny şöhlelendirdi.
Ir säher bilen başlan ýaryşda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa giriş sözi bilen çykyş etdi.
Ylgawyň ähli aralyklarynyň ugurlary Garaşsyzlyk seýilgähiniň töwereginden geçirildi. Ýaryşlar 2, 5 we 10 kilometr aralykda geçirildi. Ýaryşa gatnaşanlara erkekleriň, zenanlaryň arasynda aýratynlykda birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelänlere Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň hem-de hemaýatkärleriň adyndan baýraklar gowşuryldy. Şeýle hem 40 ýaşdan ulular üçin hem aýratynlykda baýraklar berildi. Fiziki mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin hem inklýuziw ýaryş göz öňünde tutulypdyr.
Aýdym-sazly çykyşlara beslenen çäräniň dowamynda ylgawlardan başga-da, gatnaşyjylar we myhmanlar dürli dynç alyş we maşgala üçin niýetlenen çärelerguraldy. Bu bolsa irdeniň dowamynda joşgunly we baýramçylyk atmosferasyny döretdi.
Pellehana ýeten gatnaşyjylaryň hemmesine ýadygärlik medallary gowşuryldy, her kategoriýadaky ýeňijiler bolsa hemaýatkärlerimiziň tarapyndan berlen ýörite baýraklar bilen sylaglandy.
PDF









