Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda sebitara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. Geçen hepde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, we Özbegistan Respublikasynda dostlukly saparda boldy.
Saparyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen bu döwletleriniň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek, söwda, senagat, ulag ulgamy, energetika, oba hojalygy, ylym-bilim we beýleki ugurlarda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek babatda möhüm ädimler ädildi.
Sebit ýurtlarynyň arasynda hususan-da gaz pudagyndaky we elektrik energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek we türkmen tebigy gazyny sebit ýurtlaryna ibermek babatda pikir alşyldy.
Ulag-kommunikasiýa pudagy hem sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugurda Demirgazyk–Günorta geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda maslahatlaşmalar geçirildi. Bu ugurda Merkezi Aziýa–Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan ugruny ösdürmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi bellenildi.
Şeýle hem sebit integrasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa–2040» konsepsiýasynyň hem-de 2025–2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» wajypdygy nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparynda Özbegistan Respublikasynyň «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy. Munuň özi iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda özbek halkynyň hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Bu ýakymly waka iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam eder.
Il-ýurdumyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin şeýle uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nepes ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallym-öwrenijisi.