8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda halkara maslahat bilen utgaşykly ýaýbaňlandyrylan medeni çäräniň jemleýji dabaralary geçirilýär. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli günleri mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ýörite sergiler hem-de konsertler halklarymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary, hünärmentçilik we aşhana däpleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Medeni maksatnama türkmen we özbek sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen tamamlanar.

Hazaryň gözel kenaryndaky bu çäreler 6-njy awgustda başlapdy. Medeni çäräniň çäklerinde myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň milli gymmatlyklary, aşhanasy bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.